Men Aman Allaberdiýewiň kakasy Merdan Allaberdiýew. Adam çagalary üçin ýaşaýar, olar üçin gowusyny edesi gelýär we ýaşlykdan olaryň aladasyna başlaýar. Emma çagalaryň aladasyny çenden aşa edip, olary öz pikirleriñе, niýetleriňe görä ugrykdyrjak bolup alada etmelidäldigini şu ýaşyma çenli bilmeýärdim. Şol sebäpli maşgalamyzda bolup geçen, bir wakany size gürrüň bereýin. Meniň ilkinji perzendim oglum Aman Allaberdiýew harby gulluga göýbermekden gorkýardym, sebäbi ol göwnüme ejizjedi, entäk çaga hasaplaýardym, ine bir günem «Mertler watany beýgeldýär » atly kitaby okapdyr we ýanyma gelip, özüniň harby gulluga gitjekdigini we dosty Begenç bilen TDSG-na möhletleýin harby gulluga gitmekligi ýüregine düwendiklerini aýtdy. Men ejesi bilen oňa garşylyk görkezjek boldum, emma ol öz öňündäki maksadyndan dänmedi. Şeýlelikde оglum Aman harby lukmançylyk barlagyndan geçdi. Soňra 2015-nji ýylyň iýun aýynda oglum Serhet gullugynyň Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda ýerleşýän harby bölümine çagyryş boýunça harby gulluga alyndy. 2016-nji ýylyň oktýabr aýynda Aman öz gullukdaş esgerleri bilen serhet tabşyrygynda duran wagty 1 sany serhet bozujynyñ türkmen-owgan serhedini bozup, bikanun kontrabanda harytlaryny geçirmekçi bolan wagty saklap görkezen edermençiligi üçin harby bölümiñ serkerdesi tarapyndan minnetdarlyk haty we 10 günlük öýüne berilmegi bilen sylaglanydy. Şeýle-de oglumyň gullugynda görkezen edermenligi üçin maňa we ejesine serkerdäniñ adyndan minnetdarlyk ugratdylar. Meniñ oglum Amanјan şu ýylyň iýun aýynyň 15-ne möhletleýin harby gullugyny tamamlap öýe gelende, oglum has hem daýawlaşyp gelеndigine göz ýetirdim. Onuň harby gullukdan daýawlaşyp gelenini gören harby gullukdan gorkup ýören dostlary Begmyrat Ataýew, Çarymyrat Omarow we Rеsul Amanmyradow dagylar muny görüp, haýrana galdylar we özleriniň harby gulluga gidesi gelmän ýörendiklerine puşman etdiler, sebäbi oglumyň gyz klasdaşlary we goňşy gyzlarymyz Maral, Jeren, Bahar we Gülјemal dagylaryň Amanyň ers-mers bolup, görmegeýleşip, owadan bolup gelenini görüp, Amanyň daşyndap pyr-pyr aýlandylar. Amanyň dostlary hem muny görüp, öz arzalary bilen Serhet gullugynda harby gullugyny geçmäge höwesleri artyp, serhet gullugynda gulluk etmekligiñ ýagdaýlary barada yzygiderli köp soraglar berýärdiler. Oglum bilen çaý başynda gürrüńdeşlik bolanymda ol özüniñ gullukeden ýerleriniñ owadan ýerlerdigi we ülkämiziñ görmäge göz gerek ýerleriniñ gaty köpdügi barada gürrüñ berdi şeýle-de harby bölümiñ serkerdeleri tarapyndan Amany serhet gullugynda işe galmaklyga ýa-da serhet institutyna okuwa girmekligi teklip edipdirler, Aman şol teklibi gollap, Serhet gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek üçin Serhet institutyna resminamalar düzetmegiň ugrunda gezip ýör. Menem ata ýüregimden indi oglum Amanyň durmuşda öz ýoluny özbaşdak tapyp biljekdigine diýseň begenýärin.

Köneler, Adiz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir