Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňrа, ýurdumyzda medeni mirasymyzy we taryhymyzy düýpli öwrenmäge aýratyn üns berlip başlandy. Bu iş häzirki döwürde has giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynyñ birinde: ,,Her bir obanyň öz hakydasы hem-de ýazuw taryhy bolmalydyr. Adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet edermenliklerini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidirler’’ diýip, nygtap geçdi. Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi baradaky baý maglumatlary özünde jemleýän taryhy ýagdygärlikleriň ençemesi Lebap welaýatynyñ Birata etrabynda hem bar. Olaryň hatarynda Dargan galsyny, Jigerbent galasyны, Düldül ätläni, Segwer galasyny we başgalary görkezmek bolar. Gadymy kerwen ýolunyň ugrunda Baýhatyn kerwensaraýyndan 50 km uzaklykda ýerleşen Amuldan gaýdýan ýolunda 6-njy duralga hasaplanylýan köne ýadygärlikleriň biri hem Dargan galasydyr. VII-VIII asyrlara degişli bolan bu gala etrap merkezinde 4-5 km töwregi gündogarda, beýik baýyrlykda ýerleşýär. Onuň tutýan maýdany 8 gektara golaý bolup, diwarynyň beýikligi 6-8 metre ýetýär. Galyňlygy bolsa 3-5 metr çemesidir. Dargan galasy palçykdan we çig kerpiçden gurlupdyr, ol aşaky we ýokarky gatdan ybarat. Onuň ýokary gaty adamlaryň ýaşamaklary üçin, aşaky gaty bolsa suw we iýmit önümlerini saklamak hem-de howp abananda çagalary we aýal maşgalalary daşky duşmandan goramak üçin niýetlenendir. Gadymy gelýän gürrüňlere görä, galanyň duran ýerinde 50 gektara golaý meýdan bolup, ol, söwda, maldarçylyk we senetçilik bilen meşgullanýan bir baý aýala degişli bolupdyr. Şol aýal bu ýerden göçüp gidende, köp baýlygy bilen bir hatarda 7 hum altyny ýeriň astynda galdyranmyşyn. Aýal göçüp gidenden soňра, bu ýeriň ösüşi togtanmyşyn. Bu ülkä duşmançylykly çozuşlaryň birinde goşun serkerdesi Dak Ýunusyň ýoly şu ýerden düşüpdir. Şonda ol, ýerli ilatda bir baý aýalyň baýlyklarynyň ýer asynda galandygy baradaky habary eşidip, gözleg işine girişipdir hem-de köp mukdarda altyn-кümüş tapyp, şol baýlygyň hasabyna özünden at galdyrmak maksady bilen galanyň gurluşygyna başlanmyşyn. Şondan soň bu gala, Dak Ýunusyň galasy diýip at goýlupmyş. Taryhy geçmişimizden ýadygärlik bolup galan bu galany ýerli ilat Dargan galasy diýip atlandyrýar. Ýöne, köpçülikde ilat oňa Köne gala, Ak gala hem diýip atlandyrýar. XII asyryň II ýarymynda Dargan galasy Horezm, Ürgenç ýaly şäherler bilen bäsleşipdir. Gala orta asyrlarda güýçli ösen Horezm döwletiniň düzümine giripdir. XIII asyryň ahyrlarynda we XIV asyryň başlarynda Horezm döwletiniň ösüşiniň pese gaçmagy bilen galanyň ösüşi hem peselipdir. Galanyň durky biziň günlerimize çenli saklanyp galyp, köpleriň ünsüni çekýär. Dargan galasynyň toplumynyň ýanynda Abu Muslim Horasanyň aramgähi bar. Taryhçylaryň hasaplamalaryna görä, ol takmynan hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 100-nji ýylda (milady 718-719 ýý) dogulýar. Ol, özüniň zikgelenen teňňelerinde аdyny Abdurahman bin Muslim diýip ýazdyrsa-da, çeşmelerдe оnyñ ady Ibrahym bin Osman, Büzrüg Mihriň agtygy Ibrahym we Wendad Hürmüniň ogly Behzada diýip hem ýatlanylýar. Taryhçylar Abu Muslimi gysga boýly, giň maňlaýly, bugdaýreňk, sowukganly, jomart, dana ýiti zehinli, öňdengörüji diýip hasaplaýarlar. Ol, öz döwrüniň ylymly, medeniýetli adamy bolupdyr. Birata etrabynyň halky Abu Muslimiň guburyna Dargan babanyň gubury diýýär. Ol mazaryň üstünde ullakan iki gatdan ýbrat 9 metr beýikligi bolan gümmezli jaý bar. Bu aramgäh takmynan XIV asyrda Teýmirleň tarapyndan bina edilipdir. Abu Muslimiň gabrynyň uzynlygy 4 metr deň. Abu Muslim Orta Aziýa, Kawkaz we arap ülkelerinde halkyň dini gahrymany görnüşinde, adalatyň hor we hossarsyzlaryň, ýetim we garyplaryň tarapdary хöкмüнде tanalýar. Ol, hakda arap, pars we köne türki dilllerde birnäçe dini gahrymançylykly dessanlar we romanlar ýazylypdyr.

Köneler, Adiz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir