Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek barada edýän aladalary, kabul edýän parasatly we il-ýurt bähbitli kararlary netijesinde türkmen halkynyň bagtyýar geljegine gönükdirilen iri möçberli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýerli çig mallary peýdalanmak bilen ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän hem-de içerki we dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan önümleri öndürýän, iň häzirki zaman enjamlar we önümçilik tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýan senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat düzümi täzeden döwrebaplaşdyrylyp, bu ugurda täze ugurlar açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr. Bu ugurda eýýäm degişli işler ýola goýuldy. Döwlet ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda elektron pudagynyň täzeçil ösüşini üpjün edýän dürli hilli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Täze zaman gurluşukçy” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti döredildi. Bu kärhanada bir ýylda kuwwatlylygy 6 woltdan 24 wolta çenli bolan, baha tarapdan elýeterli, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply hem-de uly isleglerden peýdalanýan dürli görnüşli LED yşyklandyryjylarynyň 8 440 000 sanysyny öndürmeklik göz öňünde tutulýar. Şu günki günde konserniň “Türkmenkabel” döwlet kärhanasynyň çäginde ýerleşýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetinde daşary ýurtdan getirilen döwrebap önümçilik enjamlary doly gurnalyp, dürli görnüşli LED yşyklandyryjylarynyň önümçiligi ýola goýuldy we içerki bazarlarda ýerlenip başlandy. Mundan başga-da, öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemek üçin birža söwdasyna çykarmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, bu ugurda serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagatynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bazarlary üçin zerur bolan hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän ukyply önümçiligi döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda işler talaba laýyk ýola goýulýar. Ýetilýän bu sepgitler, döwletimiziň maliýe-ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan elektron senagatynyň mundan beýläk hem ösmegi barada edýän uly aladalary üçin Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir