AHALTEKE BEDEWI AZIADA – 2017-NIň NURANA NYŞANY Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Merkezi Aziýada ilkinji bolup paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi her bir türkmen raýatynyň şatlygyny goşalandyrýar. Sebäbi Merkezi Aziýada ilkinji bolup şunuň ýaly abraýly halkara bäsleşigini geçirmek hukugynyň Türkmenistan döwletimize berilmegi tötänlikden däl. Dünýäniň iň ösen döwletleri bilen bäs edýän ajaýyp döwletimiz dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu günki gün milli Liderimiziň dünýäde sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ynsan durmuşyny howp salýan zyýanly endiklerden arassalamak syýasatyny bütin dünýä goldaýar. Türkmenistan döwletimizde abraýly halkara sport bäsleşigini geçirmek barada kararyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine berlen mynasyp bahadyr. Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Aziýa döwletleriniň türgenleriniň arasynda geçirilýän köp ugurly sport ýaryşydyr. Öň Ýapyk binalarda Aziýa oýunlary 2 ýyldan bir gezek geçirilýärdi. Bu abraýly bäsleşigiň ilkinjisi 2005-nji ýylda Taýlandyň Bangkok şäherinde, soňra 2007-nji ýylda Hytaýyň Makau şäherinde, 2009-njy ýylda bolsa Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirildi. Söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bolsa häzirki güne çenli diňe bir gezek 2009-njy ýylda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirildi. Mundan soň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň karary esasynda bu oýunlar birleşdirilip, 2013-nji ýylda Koreýanyň Inçeon şäherinde resmi taýdan IV Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçirildi. 4 ýyldan bir gezek geçirmeklik ýola goýlan Aziýa bäsleşigini kabul edýän ýurt oýunlaryň ýörite nyşanyny hem şygaryny taýýarlamaly bolýar. Ýadyňyzda bolsa 2005-nji ýylda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilen ýaryşda oýunlaryň nyşany hökmünde iki sany piliň şekili saýlanyp alnypdy. Gök hem-de sary reňkdäki “Heý we Ha” atly piljagazlar ýerli ilatyň ynançlaryna görä, adamlary şatlyk-şowhuna, medeniýetli dynç-alyşa çagyrýar. Şonuň ýaly-da ol ösüp gelýän ýaşlary sporta çekmekde ähmiýet berýär. Ýaşlaryň geýýän sport egin-eşiklerinde şu şekiljigiň bolmagy-da aýdylanlara subutnamadyr. Bu nyşan sport bilen meşgullanýan türgenlere bolsa, güýç-kuwwat, üstünlik arzuw edýär. 2007-nji ýylda Hytaýyň Makau şäherinde geçirilen ýaryşlarda uzyn çüňki bolan ördegiň şekili esasy nyşan hökmünde kabul edilipdi. Ýer-ýüzünde seýrek duşýan täsin guş güýz aýlarynda Aziýa ýurtlaryna uçup gelýär. Hytaýlylar onuň gelmegi bilen ýurtda täze döwür, täzeleniş başlanýar diýip ynanýarlar. Ähli ýurtlardan ýaryşa gatnaşmaga gelýänler üçin Makaonyň gapylarynyň giňden açyklygyny aňladyp, bu guş esasy nyşan derejesini eýelemegi başardy. “Mei-Mei” atly ajaýyp guşuň keşbinden şähdaçyklygy, ruhubelentligi görmek bolýar. Ýapyk binalarda III Aziýa oýunlary 2009-njy ýylda Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirilip, täsin horazjyk onuň nyşanyna öwrülipdi. Bu seýrek duş gelýän görnüş bolup, Wýetnam döwletiniň çäginde goralyp saklanýan guşlaryň hataryna girýär. Wýetnamlylaryň ata-babalaryndan miras galan däp-dessurlaryna görä, ol adamyň bäş sany esasy häsiýetini açyp görkezýär, şeýle-de sowatlylygy, güýçlüligi, wepalylygy aňladýar. Oýunlaryň nyşany edilip bellenilmegi hem şol sebäpden bolsa gerek. Söweş sungaty boýunça 2009-njy ýylda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilen I Aziýa oýunlarynda nyşany hökmünde ak eşik geýdirilen “Hanuman” maýmyny kabul edilipdi. Elbetde, bu maýmynyň saýlanylmagy ýöne ýerden däl. Taýland döwletiniň ilatynyň ynanjyna görä, maýmyn gaýratlylygyň, edermenligiň nyşany hasaplanýar. Ýaryşa gatnaşýanlara üstünlik, güýç-kuwwat arzuwlaýan maýmynyň elindäki bezegli ýüpi bolsa dost-doganlygy aňladyp, türgenleri agzybirlige çagyrýar. 2013-nji ýylda Koreýanyň Inçeon şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda dünýä döwletlerini agzybirlige çagyrýan ýörite şekil alyndy. Ol üç sany haýwanjyk bolup, köli, derýany, deňizi aňladýar. Elbetde, suwuň kenary gury ýer bolýar. Bu bolsa dünýä döwletleriniň suw we gury ýer arkaly baglanyşýandygyny görkezýär. Ýadyňyzda bolsa, şu şekil Aziýa oýunlaryndan başga-da ençeme halkara ýaryşlarynda esasy nyşan hökmünde saýlanyp alnypdy. Ak şähermiz Aşgabatda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde bolsa ahalteke bedewiniň saýlanylyp alynmagy aýraty

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir