Essalowmaleýkim agza we myhmanlar. Remezan aýy hem bayramy hem geçip gitdi. Indi biz Şewwal aýyna girdik. Bu aýyñ hem özüne mahsus/degişli bir aýratynlygy bar. Ony siz bn paýlaşmak arkaly wajyp bir zady size ýatlatmak isledim : Şewwal orazasy Remezandan soňky aý şewwal aýydyr. Şewwal aýynda alty gün oraza tutmak mustahapdyr. Bulary baýramyň ertesi yzly-yzyna tutmak has fazyletlidir. Ýöne aýry-aýry günlerde-de tutmak bolýar. Şeýle hem kaza, nezir ýaly orazalar hem şu günlerde tutulsa has sogapdyr. Ebu Eýýubyň habar beren bir hadysynda şeýle diýilýär: «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Maje, Tirmizi). Şol buşluga gowuşmak isleyäniñiz bar bolsa, ine, alyñ onno size degişli bir ýatlatma!

Köneler, ata tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir