Nebsimizi öñümize düşürip, Bu durmuş ýolunda biz kän utdurdyk. Sen geldiñ, kän zatlar öwredip, nebsiñ Jylawyny elimize tutdurdyñ. Panynyñ owadan gylawna garşy, Sen bize bagyş etdiñ, hiç eremez añ. Öwreden zatlarña Tañryýalkasyn, Aýlaryñ soltany beýik Remezan! Seniñ kömegiñ bilen bildik biz Ugrumyz hak ýolundamy, aýramy Sen gidýärsiñ wezipäñi tamamlap Bu gün bolsa Remezan baýramy Sen gitseñ wagt geçip bulaşarys biz, Ýalançy dünýäniñ toz-hapasyna. Ýürek ýene seni küýsäp urunar, Sygyp bilmän hapa kapasasyna. Indiki aýlaryñ çaltrak geçip, Diläris çaltrak dolanmagyñy. Bu bulaşan hapamyzdan tämizläp, Bizi ýene tämiz gola almagyñy. Özüñe şeýle bir bagladyñ bizi, Hemmämiziñ kalbymyzda ýer ede. Aýlaryñ soltany, hoş gal, Remezan! Çaltrajyk dolan bize ýene-de!

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir