--Bu gün-erte senden geler SMS-- Diýip dilenip ýön, şo-ol gedaýlygym. Düşünermiş dertlä-dertli, mese-mes, Sen halymy añmazmykañ, aýlygym?! --Meñzeşmi näme biz, halyñ bilere-- Diýip umydyma çekmegin gubar. Tapawudam kän däl, pul bilen gulda, Ýekeje tapawut "p" bilen "g" bar. --Tapawut köp, hatda iki gulda-da, Biri Hakyñ guly, birisi - nebsiñ. Aýt hany, senjagaz, nebsiñ gulumy? Eger şeýle bolsa bir peýdam degsin. Nebse uýup düşseñ meniñ yşkyma, Mundan beýläk garaşmarsyñ aýlygña. Dürli ýollar bilen maña ýetersiñ, Il içinde guwanarsyñ baýlygña-- Şeýle diýdi welin tisginip gitdim, Halys aljyradym aýdan gepine. Bir pursatlyk şeýle ikirjiñlendim, Haýsysy bolarka diýip nepime Soñ ýyldyrym bolup çakdy añymda, Beýik Pyragynyñ şeýle diýişi: "Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, Hyjalata goýar, bilgin, bu işi" Derhal akylyma aýlanyp diýdim: Diñlemäýin bu panynyñ gylawny. Salgyma aldanyp, serim sämedip, Elden gidermäýin nebsiñ jylawny Geldi-geçer zada daýananymdan, Ýalñyz Haka sygnyp, men güýç alaýyn. Ýürekden guwanyp halal aýlygma, Kän bir howlukmaýyn, goý, giç alaýyn. Elbetde, hemişe giç bolup durmaz, Wagtlaýynça onuñ sebäbi bardyr. Sabyr etgin, alñasama, darykma, Sabyr etmegiñem sogaby bardyr. --Bu gün-erte senden geler SMS-- Diýip umyt edýän - şol meñ baýlygym. Düşünermiş dertlä-dertli, mese-mes, Señ halyña düşünýänle, aýlygym!

Köneler, herchemenden tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir