Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Türkmenistan wagty bn 25-nji Iyun hem boldy. Remezan baýramy başlady şeýlelik bn. Ilki bilen-ä, hemmäňizi ýetip gelen mübärek Remezan aýy bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gözellik, birlikdelik, doganlyk, dostluk, ýardamlaşma, bayramlaşma we s.m. gowy ahlaklara sebap boljak, hemişekilerden has gowy ençe Remezan baýramlaryna gowuşmagy miýesser etmegini hem dileýärin Beyik Allahdan! Ikinjidenem, bu aýda tutan orazalaryňyzyň, eden dilegdir ybadatlaryňyzyň, beren pitredir sadakalaryňyzyň we haýyr-sahawatlaryňyzyň Biribar tarapyndan iň oňat ýagdaýda kabul edilmegini ýene Beýik Biribaryň Özünden dileýärin!

Köneler, ata tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir