Essalowmaleýkim agza we myhmanlar! Talyplarda giden arhiw ýatyr birnäçe mowzuk boýunça. Görşüme görä gündelik kän bir mowzuk açylyberenok. Iň azyndan bu ertirlerdäkä görä şeýle. Açylan mowzuklara-da agzalar öz pikirdir garaýyşlaryny ýazyberenoklar. Garaz, passiw-dä. Indi şu ýagdaýda bu sahypada: 1. Haýsydyr bir mowzuk öňem açylaýan bolsa-da (resmi, dini, şahsy baýramçylyklar, maglumatlar, bildirişler, yglanlar we ş.m.) täzeden açsaň gowumy? 2. Ýa-da arhiwden degişli mowzugy aktiw edip, şol barada täzeçe pikir alyşmak, bildirmek, gutlamak, ýatlatmak we ş.m. gowumy? Meselem, 1-2 günden Gadyr gijesi ýetip gelýär ýa-da galyňly mesele hemişe diýen ýaly öz gyzygyny saklaýar ýa-da okuwa girmek we ş.m. muňa mysal hökmünde görkezilip bilner. Pikirleriňizi ýazaýsaňyz! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir