Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty – bu institut ýurdumyzda iň ýaş ýokary okuw jaýydyr. Institut Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň haýyşy esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky (16.06.17) Karary bilen döredildi.          Häzirki wagtda institutyň binasynyň gurluşygy güýçli depginde we tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Nesip bolsa, institut 2017-2018-nji okuw ýylynda 400 sany talyby kabul eder. Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylar we institutyň düzüminde 5 fakultet, 17 sany kafedra hereket eder. Fakultetler:     1.Jemagat hojalygy      2.Inžener ulgamlary we desgalary      3.Mehanika-tehnologika      4.Ykdysadyýet we dolandyryş      5.Hünäri kämilleşdiriş         Bellik: Institut täze döredilensoň, institutda öwrediljek hünärler, sapaklaryň meýilnamasy, giriş synaglary we okuwa kabul edilmek baradaky maglumatlar, töleg ýagdaýy, habarlaşmak üçin institutyň telefon belgileri we beýlekiler heniz belli däl, emma bu maglumatlar göni 1 aý möhletde işlenip taýýarlanylar, bizem şonda ol maglumatlary hem size ýetireris...         Instituň salgysy: Aşgabat şäheriniň Abadan etraby. ----- Habarlardyr täzelikler, bildirişlerdir Maglumatlar bilen yzygiderli tanyş bolmak isleýäňizmi? Onda size Mowzuklara ýazyl düwmesine çaltrak basmak ýa-da Topara goşulmak gerek. Elbetde biziň bu mümkinçiliklerimizden beýleki sosial ulgamlaryň ulanyjylary hem peýdalanyp bilerler. Onuň üçin olara degişli toparlara goşulaýmak galýar: VKontakte Odnoklassniki LINE: @CHV3603K Habarlaşmak üçin: 99363381878@yandex.ru Biziň şahsy salgymyz: www.tmcell.ulty.ru

Köneler, Shamahyly tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir