Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti – bu Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyndan soňky ýurdumyzyň 2-nji iň ýaş ýokary okuw jaýydyr. Uniwersitet 2016-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Beýleki ýokary okuw jaýlaryndan tapawutlylykda uniwersitet Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna degişli bolup durýar we uniwersitetde bilim däl-de, ylym berilýär. Şeýle-de uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär. Uniwersitetde okuwlar 4 ýyllyk bakalawrdyr. Talyplar 1-nji okuw ýylynyň dowamynda diňe iňlis, ýapon we türkmen dillerini öwrenýärler. Şeýlelik bilen Dil öwreniş bölümini hem hasaba alanyňda talyplar bakalawr derejäni almak üçin jemi 5 ýyl okamaly bolarlar. Uniwersitetde magistratura, aspirantura, doktorantura hem bar. Talyplar 5 ýyldan soň isleglerine görä magistrlik, doktorantlyk derejeleri almak üçin hem okuwyny dowam etdirip bilerler. Şeýle-de talyplara bakalawrlyk okuwynyň soňky, ýagny 4-nji ýylynda okuwyny hyzmatdaşymyz Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan TSukubo uniwersitetinde dowam etdirmek mümkinçiligi bar. Emma uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.         Häzirki wagtda uniwersitetde 5 fakultet, 15 sany kafedra we 11 sany ugur bar. Ugurlar:     Himiki tehnologiýa     Biotehnologiýa     Materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy     Nanomateriallar     Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak    nbsp;Informatika we hasaplaýyş tehnikasy     Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary     Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak     Mehatronika we robot tehnikasy     Innowatika     Elektronika we nanoelektronika         Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:         Himiki tehnologiýa, materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar hünärleri – himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;         Biotehnologiýa, ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak hünärleri – biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;         Informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak, mehatronika we robot tehnikasy, elektronika we nanoelektronika hünärleri – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;         Innowatika hünäri – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;         Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.         Salgysy: Aşgabat şäheri, Köşi ýaşaýyş jaý toplumy, Köşi (Taslama) köçesi, 100-nji jaý. ----- Habarlardyr täzelikler, bildirişlerdir Maglumatlar bilen yzygiderli tanyş bolmak isleýäňizmi? Onda size Mowzuklara ýazyl düwmesine çaltrak basmak ýa-da Topara goşulmak gerek. Elbetde biziň bu mümkinçiliklerimizden beýleki sosial ulgamlaryň ulanyjylary hem peýdalanyp bilerler. Onuň üçin olara degişli toparlara goşulaýmak galýar: VKontakte Odnoklassniki LINE: @CHV3603K Habarlaşmak üçin: 99363381878@yandex.ru Biziň şahsy salgymyz: www.tmcell.ulty.ru

Köneler, Shamahyly tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir