Salam agzalar! Aman-esenmi?! Käbirisi okap sen nä atammy 7 arkasyndan aman-esenlik sorar ýaly diýen tapylar:D Garaz, birinji sapar üçin kak položeno salamlaşaly, soňlugy bilen bir gören tanyş iki gören garyndaş bolar-la:) Bugün birazajyk ene-ata we çaga gatnaşyklary barada aýtmak isleýärin. Özüm kaka bolup görmedim, ýöne synçyl bolandygym üçin bu duýgy örän uly gyzyklanma döredýär, şol sebäpli-de herhili durmuş wakalary hem-de durmuş tejribe esasynda ýazylan kitaplary okamagym mende çaga terbiýesine bolan özboluşly garaýşy döretdi. Jemgyýetimiz ösýär, şonuň bilen birlikde biziň aňymyz we düşünjelerimiz özgerýär. Indi howlusynda 7-8 çaga gohlaşyp ýören maşgalalar seýrek, ýok diýsek-de bolar. Köpüsi muny döwrüň agyrlygy, çaga eklemek kynçylygy, pul ýetmezçiligi bilen baglasa, beýlekisi "Aý bir ogul, bir gyz gördüň ýetikdir-dä, men saňa inkubatormy üç çaga dograr ýaly???" diýip, ömürboýy Selena gomeziň figurasynda galaryn diýip pikir edýän gelinlerimiz hem öz täsirini ýetirýärler. Şol sebäpli-de ýeke çaga, ýeke bala hemme kim üçin eziz görünýär, herkim ony goraýar. Şeýle ýagdaýa gabat geldim, çaga mekdepde okaýar. Çaga öýde mydama agyr söz eşitmän, türkmen şapbadynyň täsirini duýman ulalansoň, bu lälijek perzendi süýji söz, ýuwaş ses bilen saklamak asla mümkin bolmaýar. Ýeri ony sakladyň-da, ondan başga ýene 29 jübüt gara gözleri näme etjek? 30 sany "eýjejiklere" nädip ýaranjak? Şeýlelikde psihiki taýdan durnuksyz hala gelen mugallym, ilki gygyrar, soň söger, ahyry sabyr käsesi gaýnanda gyzgynjak şapbatdan ýa böwründen çümmükläp goýberer. Ine saňa uly goh, ýok ýok, çaga aglar goýar:) Ine onuň balagyny kellä geýip gelen ejesi seni nemesiniň arasyna salyp bir bogap, kelle çanagyňy edil şäniň ýaly döwüp beýniňi iňňelär, iň soňunda tahýalyja kakasy,asylly mylaýymlylyk bilen : "Men balamy Hudaýdan diläp-diläp aldym, ýerden tapamok, kanun iň gymmatly baýlygymyz adamdyr diýýär, prokuraturada saňa şony düşündirsinler" diýip, mysapyr sypaty bilen baýlyklaryny alyp ötä gider. Gepiň gysgasy şu ýerde mugallym bir şapbatda bar abraýyny bir bulaşdyrdy, bu işýakmaz bendelere-de bir ýyllyk sponsor boldy oturyberdi. Şuýerde iki sorag ýüze çykýar: 1.Sen çagaňy mekdebe näme üçin getirdiň? 2.Şeýle kanuny gowy bilýän bolsaň, çaganyň, mekdebiň, galyberse-de öz öňüňde ene-ata borçlaryňy näme üçin bilmeýärsiň? Meselem: men, okan mekdebimde ejem işländigi sebäpli, çalaja zalýot bu örän uly gohdy. Mugallym çaşýançaň bir urar, üstesine-de seni günäkärlär-de ejeň öňünde bir ýazgarar.Ejeň çydaman ýene söger, igener... Şol pursat bar diligiň, bu waka kakamyň gulagyndan sowlup geçsin diýip diläp duransyň. Hawa, hawa kakam bir bilmesin diýýärsiň, kakama bir aýdaýyn 380W oturgyja oturdar sizi diýmeýärsiň:) Aý günüň ahyrynda-da kakaň işden keýpsiz geler welin, bolan "sýurprizi" eşidip sende içini sowadar:D Ine, mundan soň bezzatlyk edesiň gelermi,ýa mugallymy şugullasyň gelermi?:D Bu ýagdaý diňe mende däl, köpiňize tanyş duýgudyr:) Çaga ezizdir welin, onuň terbiýesi has ezizdir!:)