Essalowmaleýkim agza we myhmanlar! Remezan aýyňyz hem-de ýetip gelýän Gadyr gijäňiz mübärek, tutan orazalaryňyz we eden-doga dilegdir haýyr-sahawatlaryňyz hem kabul bolsun! Tema geçsem, soňky hepde ertir.com sahypasy blok bolany bäri, ol ýerden birnäçe agza bärde gelip köp ahmyr etdi. Boljak işe çäre ýok. Edil şu wagt ýapyk, ýöne geljekki günlerde açylar diýen umytda. Sahypa girjek bolsaň "This website has been blocked. 2009-2017" diýýär. Belki-de, domain adynyň alynan wagty gutaryp uzadylmaly bolandyr. Belki-de başga sebäp(leri) bardyr - biljek däl. Öňem 1 gezek ýapylypdy ertir sahypasy www.teswirler.com adyndaka, soňam wagtlaýyn www.gybat.net sahypasy açylypdy bilşime görä "taýak gelýänçä ýumruk" diýen manyda. Indi, bärde hem agza bolanlaryna görä, bu ýer bn hem öwrenişip, bolşuna görä türkmençe bolan bu sahypany hem öz ene dilimizdäki maglumatlar bn bezäbermeli. Degişli baýramçylyk we mübärek günleriň bildirişini we gutlagyny hem edibermeli. Pikir, çat, şahsy habarlaşma, ses berlişik bärde ýok, ýöne umumy sahypada hem "ýörite çat/pikir mowzugy" ady bn açyp ýazyşyp bolýar. Şahsy habarlaşma welin bolanok. Ýene 1 zat: talyplar sahypasynda hem açan wagtyň "@talyplar.com 2007-2017" diýip ýazgy çykýar. Diýmek, bu ýeri hem şu ýylyň dowamynda domain ady uzadylmasa ýa şuňa meňzeş başga 1 sebäpden wagtlaýýyn ýapylyp biler pikirimçe. Şonuň üçin bärinem gadyryny bilip, oňatja ulanmagy maslahat berýän. Başga-da türkmençe forumlar bar. Olardanam bilýänlerimi maslahat berip, mowzugymy bitireýin. Sizem bilýänleriňizden paýlaşyp, maslahat berip bilersiňiz! Türkmençe forum we sahypalardan käbirleri/meşhurlary: 1. www.tmolympiad.org 2. www.talyplar.com 3. www. ertir.com 4. www.okamak.com 5. www.yolkes.ucoz.com 6. www.turkmenportal.com 7. www.ekizler2.com 8. www.turkmens.com 9. www.ajapsozluk.com 10. www.nexttm.com 11. www.bayramtm.com (ertirlerdäki wepat bolan @chishik atly agzanyň şahsy blogy) Başga-da kändir, ýöne men şu ýerde boldy etmekçi. Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir