Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 500 gün galmagy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 5-nji maýynda Nusaý galasyndan badalga berlen-Nürkmenistanyň ýaşyl tuguny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniňbaýdagyny we V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa alawynyň nyşanyny belentde göterip barýan ahalteke bedewine atlanan 17 sany çapyksuwar Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryna aýlanyp, bu sebitleriň gadymy we medeni ýadygärliklerine we beýleki ajaýyp ýerlerine syýahat edýärler. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçip gelýär hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesindäki jemleýji pellehanasyna ýeter. Bu taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar oýunlaryň açylyş dabarasyna şňhratly alawy alyp gelerler. Elbetde, ýörite alaw bilen ýöriş geçirmek Olimpiýa häsiýetli iri ýaryşlryň ählisine mahsus. Ýöne Aşgabat Aziadanyň hormatyna geçirilýän ýörişiň aýratynlygy, onda türkmen halky diýlende, ilki bilen aňyňa gelýän gymmatlyklaryň biri bolan bedew at esasy orny eýelemegidir. Taryhda ilkinji gezek Olimpiýa häsiýetli iri ýaryşa bagyşlanan ýöriş 500 günläp dowam edýär. Taryhda ilkinji gezek bu ýöriş bedew atlar bilen bilelikde geçirilýär. Hut şu ýöriş arkaly Aziada – 2017-ä barýan 500 günlük ýoluň her bir pursady toýa, şatlyga, buýsanja beslenýär. Baýramçylyk wakasyna şatlykly joşgunberýän sazyň, depregiň, çagalaryň şadyýan sesleriniň astynda hormatly il ýaşulylary, milli lybasdaky zenanlar atlary myhmansöýerligi biken we abadançylygy alamatlandyrýan duz-çörek bilen baran ýerlerinde garşylaýarlar. Aziadanyň başlanmagyna başlanmagyna 100 gün galdy. Köp garaşdyran pursat hem gelip ýetdi. Öňde duran 100 günüň adaty bir wagt aralygy däldigini, eýsem-de bolsa ýurdumyzyň taryhynda yz galdyrjak wakalara beslenjekdigini häzirden arkaýyn aýdyp bileris.

Köneler, Adiz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir