Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen halyçylyk sungatymyzy baýlaşdyrmaga, sünnäläp ösdürmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Güneşli Diýarymyzda däp bolşy ýaly her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uludan toýlanylýar. Bu baýramçylyk halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan ajaýyp halyçylyk sungatynyň ähmiýetlidigini görkezýär. Dünýäde meşhurlyga eýe bolan halyçylyk sungatymyz milli buýsanjymyzdyr. Halkymyzyň naýbaşy gymmatlygy bolan halyçylyk sungatyna degişli däpler, dokmaçylygyň inçe tärleri biziň günlerimize çenli gelip ýetendir. Dokmaçy zenanlarymyzyň dokmany sähetli gün ýagşy niýet bilen, gowy dilegler edip, ýüwürip başlamagy gadymdan dowam edip gelýän däpleriň biridir. Her dokma ýüwürlende: “Dokmaň öňi düwülmesin, üme başy sowulmasyn” diýip, gazygyň arasyndan eriş geçirip ugraýarlar. Zenanlaryň dünýäniň gözel keşbini synlamak arkaly öz zehinini siňdirip döreden haly gölleri türkmen halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň, gahrymançylykly taryhynyň we medeni däp-dessurlarynyň, jebisliginiň çeper beýanydyr. Gadymy heňňamyň syrlaryny özünde jemleýän türkmen halylarynyň ajaýyplygy düýpsüz ummana meňzeşdir. Çeper eller, sülük barmaklar arkaly çekilen bu gadyr-gymmatly önüm köpdürlüligi, berkligi, reňk öwüşginleri we ýokary hilliligi bilen göreni haýrana goýýar. Il-ýurduň we milli gymmatlyklarymyzyň mertebesini arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Ähli türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun !

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir