Danalarymyzyň belleýşi ýaly, adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga, oňaýly täsir edýär. Esasan-da ýaşlykda bedeniň ösýän, bekeýän hereketliligi köp talap edýän döwründe sportuň haýyrly täsirleri örän uludyr. Sportuň işjeň hereketliligiň saglyga oňyn täsirleri ýaşlary terbiýelemekde netijeliligi örän ir döwürlerden bäri mälim bolupdyr. Bu ýerde dürli halklaryň arasynda oýnalýan milli oýunlaryny göz öňüne tutýan. Milli oýunlary öwreniji alymlaryň pikirine görä, oýun okuwdyr, öwrenmekdir, işdir, üýtgeşik ukyplylykdyr. Ol çaganyň durmuşynda uly orun tutýar we ony belli bir derejede durmuşa taýýarlaýar. Türkmen halkynyň milli oýunlaryň taryhyny öwrenenimizde-de, olaryň birnäçe meselem: “Ýaglyga towusmak”, “Aýterek-günterek”, “At çapyşmak”, “Ogar-ogar” ýaly görnüşleriniň örän irki döwürlerden gözbaş aýlandygyna göz ýetirýäris. Sportuň gadymdan gelýän milli görnüşleri bilen birlikde Olimpiýa görnüşleriniň hem ösdürilmegi ýurdumyzyň ýaşlara türgenleşmek üçin öz ukyp-başarnyklaryna görä amatly sport görnüşini saýlamaga giň mümkinçilik berýär. Sport özüňe bolan ynamy, erkiňi ösdürýär, okuwda-da üsünlikleri gazanmaga kömek edýär. Şeýle-de, sport ruhuňy belende göterýär. Yhlas, ynam ýeňşe ýetirýär. Ýaş türgenlerimiziň sportda gazanýan uly üstünlikleri ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Türkmen ýaşlary-ýurdumyzyň sport abraýyny galkan bolup, şir bolup gorajak nesildir! Türkmen ýaşlary-ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanadýar. Watançy, merdana nesil, aslyna guwanýan, bagtyýar nesil! Türkmen sportunyň şu günki ösüşleri onuň has-da şöhratly geljegine ýol açýar. Iri halkara sport ýaryşlary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary . 2017ý. Paýtagtymyzda geçiriljek ýaryşlara ähli taraplaýyn taýýarlyk işleri dowam edýär. Olarda ýurdumyzyň abraýyny goramak şu günki berk bedenli, sagdyn ruhly nesliň paýyna düşýär. Öňe, diňe öňe- ýeňişlere sary türkmen sporty, bagtyýar ýaşlar!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir