Hormatly agzalar men size Türkmen sportunyň ussatlary bilen tanyşdyraýyn Şöhrat Ýagmyrow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykyp, dünýäniň sport ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ynamly öňe barýar. Ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ýaly pudaklarda düýpli ösüşler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap sport toplumlaryny özünde jemläp, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit derejesinde abraýly ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy, Berkarar diýarymyzyň sporty sagdynlygyň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygynyň we dostlugyň ilçisi hasaplaýandygyny tassyklaýar. Şonuň öňüsyrasynda geçiriljek synag ýaryşlary hem maksadalaýykdyr. Üstümizdäki ylyň aprel aýynyň 19-30 aralygynda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginde kik-boksingden, agyr atletikadan hem sambo we söweş sambo göreşinden synag ýaryşlary geçiriljek. Bu ýaryşlara Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary hem ganaşýar. Olaryň arasynda Sport fakultetiniň sport hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýagmyrow Şöhrat hem gatnaşýar. Ol şu ýylyň fewral aýynyň 17-19-y aralygynda Finlandiýanyň Helsinki şäherinde Kik-boksing boýunça halkara ýaryşynda, Finlandiýanyň açyk çempionatynda 75 kg. agramda çykyş edip, 1-nji orna, Altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem Ýagmyrow Şöhrat 2016-njy ýylyň 3-5-nji iýunda Dünýä kubogy boýunça Italiýanyň Rim şäherinde geçirilrilen ýaryşda 3-nji orna eýe boldy, we şol ýyl 2016-njy ýylyň 4-7-nji awgustynda Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda (Buhara şäheri) 2-nji orna mynasyp boldy. Kik-boksing boýunça 2014-nji ýylyň 23-28-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde geçirilen Halkara ýaryşynda türgen 67kg.agramda çykyş edip, 1-nji orny almagy başardy, Kik-boksing boýunça 2015-nji ýylyň 27-29-njy martynda Latwiýanyň Riga şäherinde Halkara ýaryşy geçirildi we 1-nji orna eýe boldy, Kik-boksing boýunça 2016-njy ýylyň 16-18-nji dekabrynda Estoniýanyň Tallin şäherinde geçirilen Halkara ýaryşynda 71 kg. agramda çykyş edip, 1-nji orna eýe boldy. Kik-boks boýunça 2016-njy ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen Halkara ýaryşynda bu talyp 2-nji orna eýe boldy. Ýurdumyzyň at-abraýyny ýokary götermek, beýik işlere amal etmek, beýik özgertmeleri durmuşa geçirmek arkaly onuň şan-şohratyny dünýä doldurmak barada hem yzygiderli aladalanýar. Türmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ähli talyplary hem türgenleri bu ýaryşa ykjam taýýarlyk işlerini geçirýarler. Bu ýaryşda Döwlet baýdagymyzy belentde parlatmaga ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir.