Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi netijesinde Aşgabadyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolmagy türkmen döwleti tarapyndan saglygy goraýyşy we sporty ösdürmek boýunça strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň ubutnamasy boldy. V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bitarap ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir. Oýunlaryň ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edip, beden taýdan sagdyn ýaş nesili kemala getirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga amatly şertleri döreder. Aziada milli sportumyzyň dünýä derejesinde çykmagy üçin hem uly ähmiýete eýedir. V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşüň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresiň üstünlikli geçirilmegi diňe türkmen sportunyň durmuşynda däl, eýsem bütindünýä sport jemgiýetçiliginde hem taryhy waka boldy. Halkara sport forumynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen duşuşan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan bu ulgamy ösdrmäge ägirt uly üns berilmegi netijesinde häzir türkmen paýtagty we Awaza abraýly halkara çäreleriň, şol sanda sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Aşgabadyň şu ýylyň sentýabyrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjekdigi hem ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir