Ynsanyýet müňýyllyklaryň dowamynda dünýä, barlyga, bakylyga, ömre düşünmegiň syrly pelsepesini kemala getiripdir. Onda ynsan bilen ene tebigatyň ylahy sazlaşykdan gözbaşly gatnaşyklary, tebigatyň keremli hem kämil gözelligine buýsanç, ynsanyň - tebigatyň eziz perzendiniň dünýädäki orny, ynsan ömrüniň beýik manysy hakyndaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapypdyr. Şol beýik düşünjeleriň arasynda arassa, halal zähmet çekmek hakyndaky pikirler hem möhüm orny eýeleýär. Dana pederlerimiziň:”Zähmet soňy– rehnet”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”, “Zähmetim bar– hormatym bar”, “Daýhan –mert, ýer–jomart”, “Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz” ýaly onlap pähimleri muňa doly güwä geçýär. Çünki ata-babalarymyz ynsan bagtynyň çeşmesini arassa, halal, janypkeş zähmetde görüpdir we öz nesillerini şu ýörelgede terbiýeläpdir. Dogrudan-da, zähmet adamsy, megerem, iň gözel ynsan bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň ynamly baştutanlygynda okgunly öňe barýan ata Watanymyzyň ajaýyp ösüşleri halkymyzy bolelin we bagtyýar durmuşa ýetirdi. Gazanylýan ösüşlerde bolsa, elbetde, merdana halkymyzyň gujur-gaýratly zähmet edermenliginiň möhüm paýy bar. Bu babatda ýurdumyzyň halk hojalygynyň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz we geologiýa pudagynyň edermen zähmetkeşleri aýratyn hormata mynasypdyrlar. Nebitgaz pudagynda gazanylýan ösüşler bizi tüýs ýürekden begendirýär! Pudagy dolandyryş ulgamynda bolup geçýän üýtgetmeleriň pudagyň ösüşini has-da berkitjekdigine berk ynanýarys. Mysal üçin, esaslandyrylýan “Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (NAPECO) “Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenilen önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirer. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynyň öz gozbaşyny XIX asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde-de güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Geologiýanyň gazananlary we fundamental ylmyň we tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işlemek senagaty we nebit-gaz himiýasy üçin amatly mümkinçilikler bar. Taryha ser salsak, Türkmenistanda nebitiň guýulardan alnandygy hakyndaky ilkinji maglumatlar XIII asyrda peýda bolýar. Ýöne mundan has öňki zamanlarda-da nebitiň tebigy halda syzylyp çykýan ýerlerinde ondan dürli hajatlarda peýdalanylan bolmagy gaty ähtimal. XIX asyryň ahyrlarynda Nobel Çelekende ilkinji guýyny burawladýar, 1900-nji ýylda Çelekende eýýäm 23 firmanyň nebit guýulary bolupdyr. Ýurdumyzda nebitiň senagat möçberlerinde gazylyp alynmagy gözbaşyny 1933-nji ýyldan, Nebitdag ýatagynyň açylmagyndan alyp gaýdýar. 1948-nji ýylda Gumdag, 1956 ýylda Goturdepe, 1962 ýylda Barsagelmez ýataklary açylýar. Geçen asyryň 70 ýyllarynda nebiti gazyp almak ýokary sepgitlere ýetirilýär. Gazy çykarmak boýunça ýurdumyz dünýäde öňdäki orunlarda, GDA döwletleriniň arasynda hem ikinji orunda durýar. Ýurdumyzyň gaz senagaty öz gözbaşyny geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyryndan, 60-njy ýyllarynyň başyndan alyp gaýdýar. Şol döwürde uly gaz kani – Şatlyk açylýar. Geçen döwürde Samandepe, Kükürtli, Baýramaly, Şehitli, Ojak ýaly, onlap gaz känleri açylýar we özleşdirilýär. Netijede, ata Watanymyz uly gaz gorlaryna eýe bolan döwlete öwrülýär. Gazy çykarmakda geçen asyryň 89-njy ýylynda has ýokary netije gazanylýar. 90-njy ýyllarda öňki SSSR-ň geosyýasy giňişliginde bolup geçen özgerişler, öňki ykdysady gatnaşyklaryň üzülmegi, täze ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň çylşyrymly hadysalary tutuş ykdysadyýet bilen bir hatarda, bu pudaga-da öz erbet täsirini ýetirdi. Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňky döwürde ýurdumyz nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda yzygiderli tagallary durmuşa geçirdi. Has-da, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna gelmegi bilen, türkmen gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze ýollaryny açmakda oňyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Mysal üçin, ýurdumyz özüniň gaz gorlarynyň garaşsyz audtini geçirmek bilen, dünýäde iri gaz känlerine eýe bolan döwletdigini ykrar etdirdi. Şonuň ýaly-da, Günorta Ýöleten–Osman, Ýaşlyk gaz ýataklarynyň açylmagy bu hakykaty has-da berkitdi. Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly transport-tranzit mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerlige we sagdyn pragmatizme esaslanýan syýasatynyň we taýsyz tagallalarynyň, syýasy erkiniň, şahsy gujur-gaýratynyň, Watanyna we eziz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesinde halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitleri üçin ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmekde uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpugurlylygyna (diwersifikasiýasyna) esaslanýan ýörelgeleri yzygiderli amala aşyrmak arkaly, Merkezi Aziýada gaz geçirijileriň täze, köpugurly ulgamynyň kemala gelmeginiň başyny başlan „Türkmenistan-Özbegistan—Gazagystan-Hytaý“ transaziýa gaz geçirijisini ulanmaga girizmek bilen, ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda anyk ädim ätdi. Eýran Yslam Respublikasyna mawy ýangyjy ibermekde ikinji gaz geçiriji – „Döwletabat-Sarahs-Hangeran“ gaz geçirijisi işe girizildi, „Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylda başlandy, “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň dördünji (D) şahasynyň gurluşygyny 2016-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Ýurdumyz deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan “Gündogar–Günbatar” we “Demirgazyk–Günorta” ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça uly taslamalary durmuşa geçirýär. “Demirgazyk–Günorta” demir ýolunyň gurluşygy eýýäm üstünlikli tamamlandy. Aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan şu we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen gazynyň energiýa serişdelerine islegi barha artýan Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak mümkinçiligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösmegi we rowaçlanmagy üçin kuwwatly itergi boljakdygy ikuçsyzdyr. Dana halkymyz nebiti “gara altyna”, gazy hem “mawy altyna” deňeýär, çünki bu ýerasty genji-hazyna tüýs altyna barabardyr. Diýmek, bu baýlyklary gazyp alýan ynsan hem altyn öndürýän zähmet pälwanydyr. Olaryň edermen zähmeti Watanymyzyň rowaçlanmagy üçin möhümdir.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir