Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmegiň, şol sanda halk hojalyk toplumunyň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, Diýarymyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleri eziz Watanymyzyň gazananlaryny berkitmegiň bähbidine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny talap edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini açmak hakyndaky çäzgüdi hem şu maksada ýetmäge hyzmat edýär. Golaýda Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumunyň açylmagy netijeli ikitaraplaýyn, şeýle hem tutuş sebit derejesinde gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Aziýada iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumunyň taslamasynyň gurluşygyny bäsleşigiň netijesi boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgiýetine ynanmagy uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň aýratyn ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumyň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygy gürrüňsizdir. Häzir Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda-da halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, bereketli türkmen topragynyň baý serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly uly işler durmuşa geçirilýär. Käni özleşdirmek hem-de bu ýerde Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýetli desgany-kaliý duzuny çykarýan we baýlaşdyrýan zawody gurmak ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde täze sahypany açdy. Garlyk dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bilelikde, gündogar sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa adamlaryň täze durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen degişli düzümiň döredilmegini şertlendirýär. Ägirt uly gurluşygyň dürli düzüm meýdançalaryna getirilýän tehnologiki enjamlar Germanýadan, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan dünýä belli önüm öndürijileriň önümleridir.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir