Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi döwletimizde sporty ösdürmekde alnyp barylýan oňyn syýasatyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup şunuň ýaly abraýly ýaryşlary geçirmäge hukuk gazanmagy tutuş dünýäde giň seslenmä eýe bolýar. V Aziýa oýunlary “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygary astynda geçer. Oýunlaryň tapawutly aýratynlyklary olara Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň 17-sinden türgenleriň gatnaşýanlygydyr. Oýunlaryň şeýle derejede geçirilmeginiň dünýä sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açjakdygyna, dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine bu hereketiň giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine berk ynam döreýär. V Aziýa oýunlaryna 6 müňe golaý türgen gatnaşyp, olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Türkmenistanyň merjen paýtagtynda geçiriljek bu oýunlara, takmynan, 30 müň daşary ýurtly myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçe wekilleriniň gelmegine garaşylýar. Öňde boljak oýunlara gatnaşyjylaryň ählisiniň myhmana hemişe aýratyn hormat goýmak ýaly asylly däbe eýe bolan türkmen halkynyň mähirli myhmansöýerligini duýjakdyklaryny aýratyn nygtap bolar. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýady tutuldy. Onuň taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr. Häzirki güne çenli 157 gektar meýdanda 40-a golaý desga, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derejelerdäki ýaryşlary geçirmek üçin sport desgalarynyň 16-sy bina edildi. Mundan başga-da, bu ýerde türgenler we wekiller üçin myhmanhanalar, ýaşaýyş toplumlary, naharhanalar, lukmançylyk edaralary, medeni-dynç alyş edaralary bina edildi. Olar Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy. Bu toplum suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin ýapyk we açyk howuzlary, ýapyk, şeýle hem 2 sany türgenleşik we 10 sany açyk tennis kortlaryny öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde bowling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýapyk welotrek, köpugurly ylgaw ýodajyklary bolan sport meýdançalary, futbol türgenleşik meýdançalary we zallar, ýeňil atletika, gylyçlaşmak we boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, şeýle hem lukmançylyk dikeldiş merkezi bar. Watanymyzda halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýär. Muňa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň soňky ýyllarda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklaryň möhüm meselelerini çözmek üçin möhüm ähmiýetli halkara meýdançasyna öwrülendigi baradaky sözleri hem doly şaýatlyk edýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysynyň: “Biz şeýle derejedäki we möçberdäki Olimpiýa şäherjigini ilkinji gezek gördük, şunda ähli zerur desgalar – sport, lukmançylyk, tehniki, medeni maksatly desgalar we ýaşaýyş toplumlary örän ykjam ýerleşýär, monorels ýoly bolsa şäherjigiň bir böleginden beýleki bir bölegine çalt we amatly gatnadylmagyny üpjün edýär” diýen sözleri biziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň üstüni ýetiren Olimpiýa şäherjiginiň biri-birinden täsin desgalaryna berlen, onda-da AOG-niň ýolbaşçysy tarapyndan berlen ýokary baha buýsanmazlyk asla mümkin däl. Türkmen halky myhmansöýer halk. Biziň ýurdumyzda öz myhmanyny hormat bilen garşylamak, olarda Türkmenistanda bolan döwürleri barada ýatdan çykmajak ýakymly duýgylaryň galmak ugrunda uly aladalar edilýär. Häzirki wagtda Aşgabat ajaýyp seýilgähleriň, öwşün atýan altyn gümmezli köşkleriň we köp sanly suw çüwdürimleriniň, belent we kaşaň binalaryň, desgalaryň haýran galdyrýan özboluşly binagärligiň jemlenen ýerine öwrülip, dünýäde iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy. Türkmen paýtagtynyň Aziýanyň dürdänesine öwrülen ajaýyp künjekleriniň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ata Watanymyzyň üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr. Ak mermer Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan örän uly şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we şu ugur boýunça dünýäde toplanan iň oňat tejribäni işjeňlik bilen ornaşdyrmak esasy ugur edilip alyndy we ýokory derejelere ýetildi. Bularyň hemmesi ýaşaýjylaryň we myhmanlarymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary ölçeglere laýyk gelmegini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir