Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly transport we logistika mümkinçiliklerine eýedigini häzir bütin dünýä ykrar etdi. Emma muňa garamazdan, öňki Soýuzyň düzüminde tas bir asyra golaý wagtlap bolan Türkmenistanda senagat pudagy, onda-da himiýa senagaty diýerli ösdürilmedi. Netijede, Türkmenistan ykdysady babatda, has-da senagat babatynda pes mümkinçiliklere eýedi: ýurtda himiýa zawodlary barmak basyp sanaýmalydy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Türkmenistany häzirki zaman ösen kuwwatly senagat döwletine öwürmek ugrundaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekligi soňky ýyllarda has ýokary netijeli gazanmak mümkinçiligini döretdi. Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan Milli Maksatnamalaryň çäklerinde ýurduň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän kämil senagat desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Geçen gysga taryhy döwrde halkymyzyň we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda uly işler amala aşyryldy. Bu, elbetde, himiýa senagaty babatynda-da hut şeýledir. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gozbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde-de güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Fundamental ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açdy. Himiýa senagaty - bu uglewodorod, mineral we beýleki çig maldan himiki usulda gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürýän senagat pudagy bolup, ol senagat öwrülişiginiň başlanmagy bilen, aýratyn pudak hökmünde kemala gelip ugraýar. Mysal üçin, kükürt kislotasyny öndürýän ilkinji zawodlar Beýik Britaniýada 1733 ýylda, Fransiýada 1766 ýylda, Russiýada 1805 ýylda, Germaniýada 1810 ýylda gurulýar. Dokma we aýna önümçiliginiň artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 1793 ýylda Fransiýada, 1823 ýylda Beýik Britaniýada, 1843 ýylda Germaniýada, 1864 ýylda Russiýada kalsinirlenen soda öndürýän ilkinji zawodlar gurulýar. Şonuň ýaly-da ХIХ asyrda oba hojalygy üçin mineral dökünlerini öndürýän ilkinji zawodlar Ýewropada peýda bolýar. Häzirki zaman himiýa senagaty dag himiýasy (magdan gazyp almak), esasy himiýa (mineral dökünleriň, organiki däl kislotalaryň we sodanyň önümçiligi) we organiki sinteziň himiýasy ýaly uly pudaklardan ybarat bolup, birnäçe önümçilikleri öz içine alýar: 1.Organiki däl himiýa önümçiligi. (Ammiýak, soda, kükürt kislotasy ýaly önümçilikler). 2.Organiki himiýa önümçiligi. (Akrilonitril, fenol, etilen okisi, karbamid ýaly önümçilikler). 3.Keramika önümçiligi. (Silikat önümçiligi). 4.Nebithimiýa önümçiligi. (Benzol, etilen, stirol ýaly önümçilikler). 5.Gazhimiýa önümçiligi. 6.Agrohimiýa önümçiligi. (Mineral dökünleriň, pestisidleriň önümçiligi). 7.Polimer önümçiligi. (Polietilen, bakelit, poliester ýaly önümçilikler). 8.Elastomerleriň önümçiligi. (Rezin, neopren, poliuretan ýaly önümçilikler). 9.Partlaýjy maddalaryň önümçiligi. (Nitrogliserin, ammoniý nitraty, nitrosellýuloza ýaly önümçilikler). 10.Farmasewtika önümçiligi. (Derman serişdeleriniň önümçiligi). 11.Parfýumeriýa we kosmetiki serişdeleriň önümçiligi. (Kumarin, wanilin, kamfora ýaly önümçilikler). Ýurdumyzyň himiýa senagaty öz gözbaşyny geçen asyrdan alyp gaýdýar. Sebäbi eziz Diýarymyzda himiýa senagatyny güýçli depginler bilen ösdürmeklik üçin-de ähli mümkinçilikler, tebigy şertler hemişe-de bardy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedir. Bu bolsa himiýa senagatyny ösdürmek üçin ýokary amatlykly şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Mysal üçin, diňe bir Köýtendag-Garlyk-Magdanly sebitinde geologlar tarapyndan kükürdiň, fosfatlaryň, daş duzunyň, gipsiň, selestiniň, kaliýniň, polimetallaryň, hekiň we beýleki onlap ýerasty baýlyklaryň uly gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň uly tagallalary netijesinde gurluşygy uly depginler bilen alnyp barlan we golaýda gurlup, ulanmaga berlen Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinat Garlykdaky kaliý duzlarynyň baý ýatagyny senagat taýdan özleşdirmeklige gönükdirilen iri taslamadyr. Ol Merkezi Aziýada iň uly kombinat bolup, ýurdumyzyň dag-magdan himiýasynyň ilkinji iri desgasydyr. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz GDA döwletleriniň arasynda ýodbrom öndümçiligi boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Hazar we Balkanabat ýod zawodlarynda öndürilýän ýokary hilli arassa tehniki ýody derman senagatynda, fotomateriallary, sintetiki kauçugy, dürli himiki reagentleri öndürmekde, elektronikada giňden peýdalanylýar. Garabogazgol aýlagy hem himiýa senagaty babatynda uly mümkinçiliklere eýedir. Çünki bu ýerde Mendeleýewiň tablisasyndaky 60-dan gowrak elementleriň bardygy, tebigy şertlerde natriý sulfatynyň we beýleki mineral duzlaryň kristallaşma hadysasynyň senagat taýdan işlemek üçin ýeterlik mukdarlarda bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. “Garabohgazsulfat” önümçilik birleşiginde öndürýän natriý sulfaty, epsomit, bişofit ýaly önümler aýna, kagyz, sintetiki ýuwujy serişdeleriň, defoliýantlaryň önümçiliginde, deri eýlemekde we metallurgiýada, himiýa, dokma we gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Ata Watanymyzyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy gaz himiýasyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Sebäbi tebigy we ugurdaş gazyň düzümindäki maddalary gaýtadan işlemek arkaly gymmatly önümleri öndürmekde häzirki zaman himiki tehnologiýalaryna üns barha artýar. Ýurdumyz geljekde iri gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga we gazy gaýtadan işlemeklige ünsi artdyryp, bu ugurda ynamly ädimleri ädýär. Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemek senagaty we nebit himiýasy üçin hem amatly mümkinçilikler bar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçiligi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyz kämil nebithimiýa toplumlaryny gurmaklyk ýoly bilen ynamly öňe barýar. Oba hojalygy üçin möhüm ähmiýeti bolan mineral dökünlerini öndürmekde Marynyň we Türkmenabadyň himiýa zawodlary netijeli işleýärler. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Häzir Türkmenistanda gaz himiýasy, nebit himiýasy, dag-magdan baýlaşdyrmak, mineral dökünlerini öndürmek ýaly himiýa senagatynyň häzirki zaman ugurlaryny güýçli depginler bilen ösdürmekde uly maksatnamalar amala aşyrylýar. Nesip bolsa, geljekde ata Watanymyzyň himiýa senagaty babatynda-da ýokary ösüşleri gazanjakdygyna berk ynanýarys.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir