Dünýäniň iň gadymy milletleriniň biri bolan türkmen halky gymmatly we baý milli mirasyň eýesidir. Atçylyk mirasy bolsa möhüm orna mynasypdyr. Türkmenleriň alyslara uzaýan taryhynda olaryň ýaşaýyş-durmuşyny, ykdysadyýetini we ynanç düşünjelerini içgin öwrenen alymlar türkmen halkynyň at-bedew bilen “bagyrlarynyň badaşandygyny” ylmy gözlegleriň we barlaglaryň netijesinde anyk subut etdiler. IX asyrda ýaşan arap geografy al-Jahyz:”Eger-de sen türkmeniň ýaşýyş-durmuşynyň doly möwrütini hasaplap, onuň ýaşan günlerini synlap gören bolsadyň, onda sen onuň ömrüniň köp böleginiň ýeriň üstünde däl-de, atyň üstünde geçýändiginiň şaýady bolardyň” diýip ýazypdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Geredot şeýle ýazypdyr:”Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda ýaşan rim taryhçysy Appiana:” ...Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Olar tüňburun, buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar” diýip belleýär. Parfiýa Mesepotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwlet bolupdyr. Nusaý atlary bolsa olaryň mertlik nyşanyna öwrülipdir. Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende at şekilleri, sowut bilen üsti bürelen söweş eşikleri geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Bu bolsa ilkinji söweşiji esgerleriň hem şu töwereklerde döränligini subut edýär. Ilkinji asylly söweşiji bolsa, Parfiýa patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ärsak I biziň e. öň. 53-nji ýylda, Karra diýen ýerde ýerli taýpalaryň grek-makedon basybalyjylaryna garşy gozgalaňyna baştutanlyk edýär. Parfiýan welaýaty bolan Köpetdagyň eteklerini grek hökümdarlaryndan halas edýär. Döwlet gurluşyny Hun türkmenlerinden miras alan Gök türkmenleriniň döwletiniň döwründen galan daş ýazgylarynda hem atlara aýratyn orun berilýär. Şol ýazgylarda adam a:tlary bilen birlikde at-bedew lakamlary-da getirilipdir. Gök türkmenlerine degişli 732-nji ýylda, Orhon jülgesinde gurulan ýazgyly bingärçilik-mazar ýadygärligindäki serkerde Kul Teginiň hatyrasyna dikilen daşyň ýüzündäki ýazgylar hem türkmeniň we onuň bedewiniň taryhynyň gözbaşynyň birdigini görkezýär. Daş ýazgylarynda serkerdäniň atlarynyň atlary-da bellenilýär. Olar:”Tadykan Çur”,”Az ýagyz”, “Başgu boz”,”Ögsüz ak” we başg. Garlyk türkmenleriniň taryhy baradaky maglumatlarda türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşy, ykdysadyýeti, aň-düşünjeleri, bedewleri barada buýsançly maglumatlary getirilýär. Öz milletini we Watanyny ähli zatdan öňde goýýan bu ynsanlar üç zada; arwada (zenana), at-ýaraga we kitaba aýratyn üns beripdir, hormat goýupdyr. “Müçe” atlrynyň biri “Ýylky ýyly” diýlip atlandyrylýar. Bularyň ählisi bedewlere goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär. Bedewler barasynda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda çeper keşpler hem döredilipdir. “ Oguznama”,”Gorkut ata”,”Görogly” eposlarynda, “Ýusup-Ahmet”, “Döwletýar” dessanlarynda, onlarça kyssa we şygyr bilen ýazylan eserlerde türkmen bedewleri akylly, wepedar jandarlar hökmünde wasp edilýär. Fazlalla Reşideddiniň “Oguznamasynda” Oguz hanyň iki atynyň bolandygy bellenilýär. Olar “Iri ak gyl” hem-de “Süýt ak” ýaly atlandyrylypdyr. “Gorkut ata” eposynda bedew atlar baş gahrymanlaryň ýakyn ýardamçylary bolup çykyş edýärler. Meşhur şahs Salyr Gazanyň Goňur aty bolupdyr. Gorkut atanyň Geçi başly kejir aýgyry, Bamsy Biregiň Deňiz guluny boz aýgyry we beýlekiler bolupdyr. “Görogly” eposynda Göroglynyň mydamalyk hemrasy, dosty Gyraty türkmen bedewleriniň ähli gowy sypatlaryny özünde jemläpdir. Görogla hakyky gaýduwsyz, mert ýigit bolmakda Gyrat köp kömek edýär. Eserde ýörite Gyrata bir bölüm- şaha bagyşlanýar. Gyraty kempir ogurlap gidende, Görogly söwer dosty Gyratyny çagyryp, şeýle diýýär: Eneň bir adydyr, ataň Akguşdan, Çandybilde besledigim, Gyrat, gel! Seni münen geçer mal bile başdan, Çandybilde besledigim, Gyrat, gel! Belentdir sagrysy, çürüdir başy, On dörtden on bäşe garagan ýaşy, Söweş güni goç ýigidiň ýoldaşy, Çandybilde besledigim, Gyrat, gel! Bu şygyrda Görogly Gyraatynyň atasynyň adynyň Ak guşdygyny belleýär. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Akguş atly atlar orta asyrlarda iň meşhur atlardan bolupdyr. Seljuk begiň agtyklary Çagry begiň Garaguşy, Togrul begiň Akguş atly gyr atynyň bolanlygy-da muny tassyklaýar. Seljuk türkmenleri döwründe atlaryň döreýşi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, at keselleri, olaryň bejerilişi, dermanlarydyr emleri, atçylygyň beýleki tilsimleri baradaky maglumatlar bu döwre degişli ylmy-edebi miras bolan Baýtarnamalarda ýazyp beýan edilipdir. Türkmenleriň we beýleki türki halklaryň medeniýetinde, taryhynda şol sanda ýaşaýyş durmuşynda hem atlaryň möhüm orny bolupdyr. Gadym döwürlerden bäri ata-babalarymyz howlusynda aty bolan öýi, kişňeýän ses gelýän ojagy gutly-döwletli, abadan, rysgal-bereketli, halal gonak-ojak hasaplapdyr. At, ýaby dürli hojalyk işi üçin hem ulanylypdyr. Ýöne hojalygyň agyr işlerinde iş ýabylary ulanylypdyr. Tohum atlar aýalyp saklanypdyr. Ulanylyş işlerine baglylykda atlara dürli atlar berlipdir. Söweş güni münilýän atlar “Jeň atlry”, şäherleriň, obalryň arasynda gatnadylýan atlara “Çapar atlary”, dabaralarda münilýan atlary”Dabara atlary”, at çapyşyklaryna gatnaşýan atlary “Çapyş atlary”, oýunçy atlary “Oýun atlary” uzak ýola argyşa gidýän atlary “Argyş atlary”, ýük çekýän atlary “Ýük atlary”, ýer sürmek üçin ”Çeküw atlary”, “Araba atlary” şeýle-de “Höwür atlary” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki döwürde ahal-teke atlary we ýomuut atlary ýetişdirilýär. Ata-babalarymyz arassa ganly atlary ýurduň çäginden çykarmandyrlar. Olaryň arassalygyny saklamaga çalşypdyrlar. At seýislemek işi kyn iş bolupdyr. Ol seýislerden irdinsiz zähmeti talap edipdir.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir