Türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyzyň sport üstünlikleri barha beýgelýär. Türkmen türgenleri iri Halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, şeýle üstünlikleri gazanýarlar. Ine, şeýle türgenleriň biri-de Altybaýew Muhammet. 1993-nji ýylyň 1-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doglan. Şol şäheriň 2-nji orta mekdebini 2010-njy ýylda üstünlikli tamamlan. Mekdepde okaýan döwürlerinden başlap sportuň kik-boksing görnüşi bilen türgenleşip başlan. Türgen höwes bilen meşgullanýan görnüşinden birnäçe abraýly ýeňişleri gazanmagy başaran. 2015-nji ýylyň 20-21-nji martynda Kik-boksing boýunça Germaniýanyň Elbern şäherinde geçirilen ýaryşda Altybaýew Muhammet 63.5 kg agramda çykyş edip, baýrakly 1-nji orna mynasyp bolýar. 2016-njy ýylyň 25-27-nji martynda Latwiýanyň Riga şäherinde geçirilen Kik-boksing Lou kik boýunça Halkara ýaryşynda 63.5 kg. agramda çykyş edip, baýrakly 1-nji orna mynasyp bolýar. 2016-njy ýylyň 3-5-nji iýunynda Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen Kik-boksing boýunça Dünýä kubogy ugrundaky bäsleşikde 63.5 kg. agramda çykyş edip, baýrakly 1-nji orny eýelemegi başarýar. 2017-nji ýylyň 17-19-njy fewralynda Finlandiýanyň Helsinki şäherinde Kik-boksing boýunça Halkara ýaryşy, Finlýandiýanyň açyk çempionaty geçirilýär. Türgen ol ýaryşda hem 63.5 kg. agramda çykyş edip, baýrakly 1-nji orna, Altyn medala mynasyp bolýar. Altybaýew Muhammet Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport fakultetiniň sport hünäriniň 2-nji ýyl talyby bolmak bilen, şu günlerde hem Ýurdumyzda geçiriljek synag ýaryşlaryna güýçli depginde taýýarlyk görýär. Biz hem onuň bu ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boljakdygyna berk ynanýarys. Aziada-2017-de hem dabaraly ýeňiş Baýdagyny al-asmana galdyrjakdygyna berk ynanýarys.

Köneler, Aziada tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir