Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniň hakyky “merjenine” öwrüldi. Munuň özi Aşgabatlylaryň we ähli Türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumunyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumuzyň baş şäherinde paýda bolýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Olarda maşgalalaryň müňlerçesi täze jaý toýlaryny tutýarlar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň esasy merkezi-Olimpiýa şäherjigi diňe Aşgabadyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň hem sport merjenidir. Aşgabadyň günorta böleginde hem täze ak mermerli binalar peýda boldy, şol ýerde paýtagtymyzyň döwrebap işewür we medeni merkezi kemala gelýär. Bu ýerde ýerleşýän belent binalaryň, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralaryň binalarynyň her biri özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Bu desgalar hem-de olaryň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna şaýatlyk edýär. Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň çäginde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak işi üstünlikli dowam edýär, olarda zerur durmuş düzüminiň ählisi döredilýär. Bu taslamalary amala aşyrmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellemelidiris. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir