Türkmenistan Diýarymyzyň giňişliklerinde azyndan bäş müň ýyl mundan ozal atyň eldekileşdirilendigini arhiologlar, alymlar subut etdi. Owdanlygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýan türkmen bedewleriniň döremeginde we kemala gelmeginde Köpetdagy etekleýän giň giden düzlükleriň, hoştap howa şertleriniň täsiri uly bolupdyr. Sowuk ýellerden mäkäm goralan, kösükli hem galla ösümliklerine baý, gyşyn-ýazyn oty-çöpi guramaýan, gök öwsüp duran dereler, şildiräp akýan durnagöz çeşmeler ahal-teke bedewleri üçin gerkli şert bolupdyr. Türkmenistanyň günorta sebitleri irki döwürlerden ata-babalarymyzyň otran ýerleri bolupdyr. Gojaman Köpetdagyň gür bagly, hozly-pisseli dereleri, uçut gaýaly gerişleri iri ýyrtyjy haýwanlaryň hem ýaşamagyna, köpelmegine, päsgelçiliksiz aw awlamagyna oňaýly şert döredidir. Her bir pursatda abanýan howpdan goranmaga-da şert bolupdyr. Zerur bolan ýagdaýda atlar ýyndam çapmagy, çeşme-çaýlaryň üstünden böküp geçmegi, birden ugruny üýtgetmegi, uçut gaýalarda bir garyş galanda saklanyp bilmegi başarypdyr, netijede, olarda hüşgärlik, seresaplylyk, duýgurlyk ýaly gerekli häsiýetler terbiýelenipdir. Ýerli halk hem bu häsiýetleriň bedewlerde berkemegi, kämilleşmegi üçin alada edipdir. Ýagny bedewlere ýokuma baý dag otlaryndan başga, galla önümleri-de berlipdir. Munuň özi irki döwürlerden bu ýerlerde gallaçylygyň ösendiginden habar berýär. Gamyşgulak bedewleriň eldekileşdirilen ilkinji hem iň gadymy şekiliniň hut Türkmenistanda ( Artygyň golaýyndaky Garadepede, b. e. Öňki IV müňýyllyk) tapylandygynyň özem bellärliklidir. Alym S. P. Nesterowyň pikirine görä, Merkezi Aziýada ýyndam bedewleriň kemala gelmegi tebigy şertleriň gönüden-göni täsiri esasynda bolupdyr, ýagny aňzakly demirgazyk ýellerinden dag gerişleri bilen goralan, oty-çöpi bol jülgeleriň özi atlarda bu aýratynlyklary terbiýeläpdir. Günorta Türkmenistanyň giňişligine degişli bolan Altyndepe we Ulugdepe harabaçylyklarynyň b. e. öňki III müňýyllyga degişli gatlaklarynda atyň şekilleri we heýkelleri tapylypdyr. Paleozoolog alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, eldekileşdirilen atlaryň istihanlarynyň Gadymy Marguşyň b.e.öňki III-II müňýyllyklara degişli Kelleli we Tair obalyklarynyň harabaçylygynda-da tapylandygyny aýdyp bolar. Gadymy Marguşyň Goňurdepe guburhanasynda gözleg-agtaryş işlerini geçiren arheologlar 2000-nji ýylda täze, örän möhüm açyşyň üstünden bardylar. Ol ýerde tapylan at istihany şol döwürde bedewiň öýdekileşdirilendigine şaýatlyk edýär. Bu tapyndy Merkezi Aziýda atyň eldekileşdirilmeginiň iň irki subutnamasydyr. 2001-nji ýylda şol ýerde atyň kellesiniň bürünç şekili hem kiçiräk surnaýlar tapyldy. Surnaýlaryň kömegi bilen seýisler atlara dürli nyzam hereketlerini öwredipdirler. Ata-babalarymyz gadymy döwürden ýaş taýçanaklary ösdürip ýetişdirmek, seýislemek üçin örän inçe syrlary peýdalanypdyrlar. Muň “Görogly” eposyndaky Jygaly begiň Gyraty seýisleýşi şol usullaryň biridir. Jygalybeg Gyraty kyrk günläp gün düşmeýän ýerdölede saklaýar we ideg edýär. Ol naýbaşy tohum atlary ýetişdirmegiň ilkinji başlangyçlary bolupdyr. Ýerdölede saklanan taýyň endamy bekäpdir, süňňi sagdyn bolupdyr, ers-mers ösüpdir we dört, käte iki aýagynyň üstünde oýnaklap, ösüp ýetişipdir. Taýçanak iýmlenende torba ýokarrak goýulýar, ol taýyň boýnunyň dik we uzyn, owadan bolmagyna ýardam berýar. Taýçanagyň öň aýaklarynyň we boýnunyň çeýeleigi bolsa, olaryň çukurdan iýmitlendirilmegi bilen gazanylypdyr. Taýlar az wagt öýde saklanyp, soňra dag eteklerinde bakylypdyr. Şonuň üçin olaryň bedeni sagdyn, aýaklary berk, göwresi çeýe, ösüşi gowy bolupdyr. Olaryň ýüregi, öýkeni, aýaklarynyň siňirleri bekäpdir, güýçlenipdir. Jygaly begiň Görogla öz Gytyratyny enesi bilen Araz çaýynyň aňyrsyna kowup gelmegi tabşyrmagy hem ýokarky aýdylanlar bilen baglanyşýar. Taýlara 1,5 ýaşynda öýe getirilip, müngi öwredilip başlanýar. Olara hoşmaý sözler aýdylyp, taýlar ürkmezlige öwredilýär, bedenini we toýnaklaryny arassalamaga, irişme salmakylyga öwrenişdirilýär. Ilki uýana we agyzdyryga, soň ýuwaş atlryň ýany bilen gezdirilip, münüş öwredilipdir. Her bir seýisiň öz ugry, ýoly, her bir atyň özboluşly seýislenişi bolupdyr. Türkmen aslynda at seýislenende onuň endamynda artykmaç ýag we derisinde suw galdyrylmandyr. Bedewleri ýörite irden we giçlik gezdiripdirler. Çapuwyň öň ýanlarynda bolsa olary iýmlemegiň düzgünlerini berk berjaý edipdirler. Ýokumly iýmit bilen iýmit önümlerini-de beripdirler. Bu döwürde esasy iýmit ýorunja bedesi bilen arpa bolupdyr. Ondan daşary ýumurtga, saryýag, süýt berlipdir. Uzak ara boljak çapuw üçin atlara goýnuň guýruk ýagyndan edilen logola we saryýag beripdirler. Ýakyn aralyga çapuwa gidýän atlara şeker, düzüminde uglewod bolan önümler berlipdir. Şeýdip, atlara gurbat beripdirler. Pederlerimiz çapuwdan gelen atlara seretmegiň düzgünini-de berk berjaý edipdirler. Sebäbi atyň soňky ýagdaýy şol idege bagly bolupdyr. Çapuwdan gelen atyň arkasyna keçeden edilen jul ýapylyp, onuň deri gaýdyşyp, endamy mazaly sowaýança gezdiripdirler. Şol döwürlerde uzak ýerden gelen myhmanyň aty hem gezdirilipdir. Türkmen nusgawy edebiýatynda seýisçilik sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Jygalybegdir Göroglydan başlap seýisçilik sungaty we at seýislemek, at münmek we at çapmak, at oýnatmak, atly aw etmek barada köp gürrüňler edilýär. Häzirli döwürde-de at münmek dürli sebäplere görä adamlarda ýüze çykýan psiahologiki ýadawlyk, göwni çökgünlik, stres ýagdaýlary ýüze çykanda, özüni dürsemäge we saglygyny dikeltmäge kömek edýär. At münýän adamyň muskulaturasy işeňňir hereketde bolýar, nerw ulgamynda çalt duýmak ukyby güýçlenýär. Atyň üstündäki adamyň öňe-yza we aşak-ýokary hereket etmegi, agramsyzlyk hadysasynyň döremegine getirýär. Netijede, gan aýlanyşyň we ganyň adam bedeniniň hemme ýerine deňeçer ýaýramagyny üpjün edýär. Zyýanly aşa semremegiň öňüni alýar. Ahalteke atlaryna atlnan ýigitlerimiziň aýlawdaky at çapyşyklary, milli at üstündäki oýunlary aýlawa barýan tomaşaçy köpçüligi özüne çekýär, daşry ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir