4-nji bolum Geçsem geçerinem—diýip, Annagül meniň sözlerimi ýokuş görmän, meniň ugrumdan turup gürleýärdi.—Dogrudanam, gel, ikimizem bile nikadan geçeli. —Studentlik bir gowy zat. Agzyňa gelenini sepeleşip ýaşabermeli—diýip, men Annagülüň üstünden düşdüm.—Ine, bir ýigitjigi taparsyň welin, şol wagt-a joraňam ýadyňa düşmez, onuň bilen nikalaşjagyňam. Gidersiň şonuň yzyna düşüp, bizem unudyp. —Seni hiç wagtam unutman—diýip, Annagül meni barha gujagyna gysardy. —A gyz, siziň ikiňizem bir ýigide baryň, beýle biri-biriňizi gowy görýän bolsaňyz—diýip, beýleki joralarymyz hem bize degerdiler. —Hiç kime-de barjak däl biz. Biz ikimiz bile ýaşajak—diýip, Annagül ýene maňa gysmyljyrardy.—Biz biri-birimizden hiç wagt aýrylmarys. —Bor, şeýdäýersiňiz—diýip, gyzlar bizi ýaňsylardylar. Annagülüň ýene bir geň häsiýeti bardy. Ol hiç wagt biziň bilen hammama gitmezdi. —Men köplük bolnup suwa düşülýän ýerde suwa düşmäge utanýan—diýerdi. Ýeke adamlyk hammamlara gidip, suwa düşerdi. Sentýabr orta bolandan studentleriň baryny pagta sürdüler. Biz pagta ýygmak üçin Tejen etrabyna düşdük. Bizi oba mekdebinde ýerleşdirdiler. Bir klas jaýyna ýedi-sekiz, on gyz bolup ýerleşdirýärdiler. Annagül pagtany hemmelerden köp ýygýardy. Elleri çalasyn gyzdy. Oktýabr gelip, howa çigrekläp başlady. Gijelerine howa mazaly sowaýardy. Pagta ýygýan studentler üçin peçler heniz ýakylanokdy. Gijelerine gat-gat geýnip ýatsagam, üşärdik. Men bir gün gyzdyryp başladym. Gaty ýaramadym. Ýanymyz bilen alan dermanlarymyzdan hem atdym. Haýry bolmady. Syna bir ýylylyk gerekdi. Ýylnyp, bir derläp açylmasaň, dümewden açylyp bolmajagy görnüp durdy. Gaty daş hem bolsa, obalaryň jaýlary bize görnüp durdy. Men bir ädim ýeriň pagtasyny ýygyp oturýardym. Gyzdyrmadan ýüzüm, maňlaýlarym lap-lap gyzýardy. Annagül bize ýolbaşçy goýlan mugallym bilen gepleşdi: —Mugallym, sowuk klaslarda näçe derman atsa-da, Güljemal bu dümewden açylmaz. Muny birki gün saklap bermeklerini haýyş edip, hol oba äkitmeli. Rugsat berseňiz, men muny eltip geleýin. —Äkit-äkit—diýip, mugallym Annagüle meni oba äkitmäge rugsat berdi.—Joraň gutulsa bolýa. Pagta ýygýan fartuklarymyzy gyzlara tabşyryp, biz Annagül bilen tirkeşip, oba tarap ugradyk. Meniň ysgynym ýokdy. Biraz ýöräp, oturýardym. Birki gezek şeýdenimden soň, Annagül meni arkasyna aldy. Çaga göteren ýaly, arkasyna hopba etdi. Onuň bu bolşuna men hem utandym, hem gülkim tutýardy. Ysgynsyzlykdan zordan gülýärdim. —Goýber meni, Annagül. Saňa-da agyrdyryn men—diýip, men aldygyna oňa ýalbardym.—Düşür meni ýere. Saňa-da kyn ahyry. —Sen meniň horjalygyma seretme—diýip, Annagül meni arkasyndan düşürmän, ýoluny dowam etdi.—Meniň güýjüm özüme ýetik. Seniň agramyň meniň üçin guşuň agramy ýaljak. Annagüle haýran galmalydy. Ol meni arkasyna alyp, tä oba çenli dynç alman gitdi. Asla «Dynç alaýyn» diýip, agzamadam. Ilki gabat gelen öýe bardyk. Hut öýüň düýbüne eltip, Annagül meni arkasyndan düşürdi. Öý eýeleriniň ýanyna bardy. Bir gelin bilen bir garry aýal daşarda nahar bişirmedir kir ýuwma bilen güýmenip ýördüler. Men ysgynsyz bolamsoň, derrew ýere çökdüm. Annagül öý eýelerine salam berdi: —Salam, gelneje, salam, daýza. —Salam—diýip, gelin Annagülüň salamyny aldy-da, bize märähet etdi.—Geliň, geliberiň. —Gurgunmysyňyz?—diýip, garry aýal hem biziň bilen salamlaşdy. Annagül biziň nämä gelenimizi duýdurdy: —Biz—studentler, daýza. Ine, şu gyzymyz dümewledi. Bizi mekdepde ýerleşdirdiler. Okuwçylar bolmansoň, häzir mekdebiň pejini ýakanoklar. Näçe derman atsa-da, bu gyz sowuk ýerde dümewden açyljak däl. Yzyna, okaýan ýerimize ibereli diýsegem, bu wagt bi, näsag janyna ol ýere aşyp biljek däl. Mugallym hem oba äkitmäge rugsat berdi. Siz şuny birküç gün, gutulýança, ýyly ojagyňyzda saklaýyň-da. Haýyş sizden. Peç ýanyp duran ýerde bi basym gutular. —Wah, gyzym, bolýa, bolýa—diýip, garry daýza biziň bilen mylakatly gepleşdi.—Giriň öýe.—Garry daýza soň gelnine ýüzlendi.—Aýgül, bar, gyzlary öýe sal. Düşek ýazyp ber olara. Ýerleşdir. Daýzanyň gelni bizi öýe saldy. Meniň üçin düşek ýazdy. Men düşege geçenimden soň, üstüme ýorgan atdy. Peçlije jaý janyma hoş ýakýardy. Meni meýmiredip barýardy. Men uka meýil etdim. Annagül maňa ýanymyza alan dermanlarymyzdan içirip, yzyna gitdi. Sebäbi sebäpsiz pagta ýygmakdan galmak bolanokdy. —Gelneje, şu gyza gowuja seredeweriň. Kyn görmeseň, aşjagaz edip beräý—diýip, Annagül gitmänkä öý eýesi gelne ýalbardy. Annagül gidensoň, ýyljajyk jaýda meýmiräp, uklapdyryn. Öý eýeleri gowy eken. Olar günortan naharyna maňa aş bişirip berdiler. Günortan Annagül hem menden habar tutmaga geldi. Oňa-da öý eýeleri aş bişirip berdiler.

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir