Bedew at bilen baglanyşykly nakyllaryň, atalar sözüniň köp bolmagy türkmenleriň atşynaslygy sungat derejesinde belende göterendiginden habar berýär. Türkmen halky bedew at bilen baglanyşykly nakyllarda atalar sözlerinde öz pähim-parasatyny bütin aýdyňlygy bilen ussatlarça orta atyp bilipdir. Adam aşda belli, at - daşda. Adam namartlasa, aty-da aýadyny ýitirer. Agyr ýüküň azabyny gatyr biler. Andyzly öýde at ölmez, egrijeli öýde – är. Arkaly atyň arkasyndan müň at suw içer. Arpa garsaň at iýmez, kepege garsaň it iýmez. At basman diýen ýerine müň basar, iş düşmez diýen ýerine müň düşer. At agynan ýerde toý bolar. At adamyň ganaty. At alma - eýer al, ýer alma – goňşy al. At aýagy gitgir, ozan dili ötgür. At aýagyndan semrär, adam gulagyndan. At basyşyndan belli, är-bakyşyndan. At çapanyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyna berk ýapyş. At dosty-ata dosty. At çapsa, durup-durup bakarlar, baýtal çapsa, her dürli at dakarlar. At iýmeýän ajy otlar bitmese ýeg. At kişňeşip tanyşar, adam sözleşip. At münip ataň öýüne bar, don geýip-dogan öýüne. Ata çykan alysy görer. Ata seýis bol, şikese – seýik. Ataň barka, dost gazan, atyň barka, ýol gazan. Aty at edýänçä, eýesi it bolar. Atyň ahyry boş bolmasyn, aýalyň – saçagy. Bag – barsyz bolmaz, at - timarsyz. Bagşy bilen ýagşy atyň belli bahasy bolmaz. Batyr söweşde belli, ýüwrük-ýaryşda. Bedew - jul içinde, göwher kül içinde. Çyn bedewler meýdanynda bellidir. Dogan bilen söwdalaşma, dost bilen at goşma. Taý ata ýetirer, at –myrada. Uzak ýol aty synar, agyr gün - äri. Ýol uzak bolsa, aty gyssaman sür. Ýylky ýylynyň aýagy sowuk, takyk ýylynyň başy sowuk.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir