Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen parasatly ýörelgä esaslanýan, parahatsöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artyp, halkara abraý-mertebesi has-da pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has ýokarlanyp, durmuşymyz bolelinlige we bereket-bolçulyga beslenýär. Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda yzygiderli gazanýan ýokary ösüşleri, halkara guramalarynyň derejesinde ynamly gazanýan oňyn netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Indi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklara ygrarly, asuda we parahat durmuşda ýaşaýan, häzirki zaman demokratik we dünýewi döwlet hökmünde doly ykrar edildi. Merdana halkymyz öz taryhy ykbalynyň iň bagtyýar pursatlaryna, asudalygyň, bolelinligiň we rysgal-berekediň joş urýan ýalkymly günlerine - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne-de ýetdi. Indi mähriban halkymyz öz bagtly durmuşyny öz gujurly gollary bilen gurmak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, jemgyýetimizde jebisligi we agzybirligi pugtalandyrmak, ýaş neslimizi watançylyk, halallyk we sagdynlyk däplerinde terbiýelemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekip, bolelin hem asuda-parahat durmuşyň eşretli günleriniň hözirini görüp, erkana hem görkana ata Watanymyzyň mährem gujagynda bagtly ýaşaýar. Bu bagtyň we rowaçlygyň sakasynda bolsa, mähriban halkymyzy, ata Watanymyzy hem-de keremli topragymyzy jany-teni bilen söýýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz yhlas-aladalary, zehin-başarnygy, döredijilikli hyjuwy, jöwher pähim-parasady, öňdengörüjilik bilen ynamly ýöredýän parahatçylyksöýüji, ynsanperwer we hoşniýetli döwlet syýasaty dur. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň tagallalary netijesinde gurlup, ulanmaga berlen Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty Garlykdaky (Köýtendagdaky) kaliý duzlarynyň baý ýatagyny senagat taýdan özleşdirmeklige gönükdirilen iri senagat taslamasydyr. Ol Merkezi Aziýada iň uly kombinat bolup, ýurdumyzyň dag-magdan himiýasynyň ilkinji iri desgasydyr. Bu kombinaty belarus Respublikasynyň dag-magdan himiýaçylary birnäçe ýylyň içinde desgalandyrdylar. Çünki Belarus Respublikasy dnýä boýunça kaliý öndürýän iň iri ýurtlaryň biridir. Çünki öňki Soýuzyň düzüminde hut şu Respublikada kaliý önümçiligi güýçli depginler bilen ösdürilipdi. Kaliý önümçiligi ykdysady babatda iňňän girdejili senagat pudagydyr. Onuň önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Diýmek, geljekde biziň ata Watanymyz hem kaliý dökünlerini eksport etmek arkaly uly girdejileri alar. Garlyk-Köýtendag sebitinde häzirki zaman senagat sebitini kemala getirmek ugrunda Türkmenistan soňky ýyllarda uly tagallalary edýär. Mysal üçin bu sebitde häzirki zaman Garlyk şäherçesi guruldy. Bu ýerde ýaşamak üçin iň amatly şertler üpjün edilendir. Garlyga demir ýol şahasy we kämil awtomobil ýoly doly çekildi. Bu bolsa senagat önümlerini çalt we tygşytly daşamak üçin ähli mümkinçilikleri berýär. Galyberse-de, bu senagat sebitini özleşdirmek maksady bilen, geçen döwürde döwrebap “Atamyrat-Kerkiçi” demir ýol awtomobil köprüleri gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalar Amyderýanyň sag we çep kenarlaryny ulag-üstaşyr babatda doly baglanyşdyrdylar. Garlykda eýýäm iri “Lebap” sement zawody doly güýjünde işleýär. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty türkmen himiýaçylarynyň, galyberse-de, tutuş halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki bu ýerde ýüzlerçe türkmen ýaşlary gujurly zähmet çekmek, ýurdumyza we halkymyza halal hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolarlar. Türkmen dag-magdan himiýassynyň bu ilkinji iri desgasy bolsa, ýakyn geljekde ata Watanymyzyň barha kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna pugta ynanýarys.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir