Aziýa Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasatynyň dünýa bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, şunuň ýaly abraýly ýaryşlary geçirmäge hukuk gazanandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi tutuş dünýäde giň seslenmä eýe boldy we türkmen halkynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Sportuň milli görnüşleriniň hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Aziada - 2017-niň düzümine girýän sport oýunlarynyň sanawyna goşulmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Çünki beden berkliginiň we çeýe tilsim-emelleriniň aýratyn ýüze çykmasy bolan türkmen milli göreşi indi dünýä bäsleşikleri guralýan sport görnüşleriniň birine öwrülmek bilen, dünýäniň sport çempionatlarynda ymykly orun aldy. Aziada - 2017 olimpiýa oýunlarynyň wagty barha golaýlaşýar, türkmen türgenlerimiziň ruhy diýseň belent, olaryň köňlünde eziz Watana, Gahryman Arkadagyna, mähriban halkyna bolan çäksiz buýsanç duýgusy joş urýar. Häzirki günlerde bu Aziýa yklymynyň uly bäsleşikleriniň biri hökmünde sebitden sport bilen meşgullanýan, özlerine “çempion” diýen belent ady gazanmak hyjuwy bilen joşýan her bir türgeni sport ýeňijisi - altyn medalyň eýesi bolmak hormatyna, türkmeniň taryhyna girmek arzuwyna ýakynlaşdyrýar. Nesip bolsa, Aziada-2017 iň bir uly sport baýramçylygyna öwrüler. Çünki oňa diňe bir Aziýa sebitiniň däl-de, eýsem, Ýuwaş umman kenarýaka döwletleriniň-de gatnaşmagy Aziada-2017-niň geografik gerimini has-da giňeldýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir