"TÄSIN JORAM ANNAGÜL"1bolum Täsin joram Annagül Hekaýa Uniwersitete okuwa girdim. Ilkinji tanyşlyk. Täze joralar. Sentýabrdan birki gün öň umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, ýatmak üçin otag aldym. Meniň ýerleşen otagymda menden başga-da üç gyz bar eken. Men dördünji gyz boldum. Tanyşdyk. Sentýabr güni okuwa başladyk. Otagdaky gyzlaryň içinde Annagül atly bir gyz turuwbaşdan biziň hemmämiziň ünsümizi özüne çekdi. Ol aýratyn-da meni haýran galdyrdy. Alçakdy. Galjaňdy. Çaý içmekçi bolsak hem «Kitire suwy özüm güýup gelerin, çaýy özüm demlärin. Siz oturyň, men ederin» diýip, ähli işi öz üstüne alyp durdy. Ol nahar bişirmäge-de ýaltananokdy, otagy arassalamagam kyn görenokdy. Poly ýuwýardy. Bazara, magazine gidip, çöregi, gök-sögi, beýleki gerekli zatlary özi alyp gelerdi. —Siz oturyň, gyzlar, ähli getirmeli zatlary özüm getirerin—diýip, ol bizi haýran galdyrardy. Birki hepde okanymyzdan soň, üýşüp, käte kino gidip başladyk. Kino barlan çagy hem Annagül bizi çetde saklap, biledi özi alardy. Ol biziň hemmämizi gowy görýärdi. Aýratyn hem ol maňa ýapyşak bolup ýapyşdy. Kino gitsegem, okuwa gitsegem, ol meniň goltugymdan tutup ýörärdi. Bir ýerde dursagam, maňa ýelmeşer durardy. Ýa gujaklap durardy, ýa golumdan goluny geçirip durardy. Ýa-da meniň goşa örülen saçlarymy oýnap-sypap durardy. Men käte oňa gatyrganardym: —Annagül, sen meniň ýüregime düşjek bolýaň. Maňa kän dykyljyramasana. Saçymam elleme. Saç oýnasyň gelse, özüňde-de bar-a saç. Özem seniň saçyň hemmäniňkiden uzyn. Dogrudanam, Annagülüň saçlary biziň hemmämiziň saçymyzdan uzyndy. Dyzlaryndan geçip durdy. Şonda-da ol biziň saçymyzy oýnamagy gowy görerdi. Aýrytyn-da meniň saçymy köp oýnardy. Tebigatyň kanuny şeýle: gyzyň gözi oglanda, oglanyň gözi gyzda. Aýratynam, ýaşlykda oglanlaryň, gyzlaryň biri-birini synlamasy, biri-biri bilen tanşasy gelmesi ýaly wakalar kän bolýar. Gyzlar oglanlary biparh goýanok. Geýnüwlije, edeplije oglanlara gyzlar hem göz astyndan ogryn-ogryn bakýar. Göwünlerine ýaraýan gyzlara oglanlaryň lak atasy gelýär. Bir gün okuwa gidip barýardyk. Annagül meniň elimden tutup, maňa gysmyljyrap barýardy. Şol wagt biziň gapdylymyzdan ýöräp barýan ýigitleriň biri bize gep goşdy: —Salam, gyzlar. Annagül ýigide gözlerini alartdy, ýöne oňa jogap bermedi. Men ýigidiň salamyny aldym: —Salam. Annagül maňa käýedi: —Her bir geçip barýanyň gepini diňläp, salamyny aljak bolup dursaň-a saňa kyn bolar, gyz. Ondan ýöräber öz ugruňa. Men Annagüle pessaý jogap gaýtardym: —A gyz, bolşuň nähili seniň. Salam bereniň salamyny almaly bolar-a. —Hökman däl tanamaýan kişiň salamyny almak—diýip, Annagül sesini gataldyp, gödek gepledi. Soň bolsa bize salam beren ýigide azgyryldy.—Bar, öz ýoluň bilen ýöräber. Bize seniň salamyň gerek däl. Ýigit bizden ara açyp gitmedi. Ol hem uniwersitete barýardy. Studentligi, uniwersitetiň bir fakultetinde okaýanlygy bildirýärdi. Golunda student portfeli bardy. Özi biziň gapdalymyz bilen ýöräp, biziň barýan ugrumyza barýardy. Ol indi Annagüle ýüzlendi: —A gyz, görküňem erbet däl, saçlaryňam uzyn eken. Ýöne şonda-da seni hiç kim söýmezmikä diýýän. Sebäbi seniň gylygyň erbet eken. Berlen Taňry salamyny alarlar-a, a gyz! —«Seniň salamyň gerek däl» diýip, aýtdym-a men saňa—diýip, Annagül ýene ýigide gödek jogap berdi.—Senem bir söýüljek zada meňzäňok. Senem biri söýer öýdemok men. Pyşdyl ýaly bolup. Özüňem ýok bol şu ýerden. Annagülüň ýigidiň ýanynda beýle edepsiz gürlemeginden men utandym. Gapdalymyzdaky joralarym Annagülüň sözüne gülüşdiler. Men bolsa oňa ýene köşeşdiriji sözleri aýtdym: —Annagül, uruşma oglan bilen. Aýyp bor-a oň ýaly sözleri agzasaň. —Öz ugruna gitsin agzatmajak bolsa—diýip, Annagül ýene hüňür-hüňür etdi. Ýigit hem ondan kem galmady. Ol Annagüle: —Meni söýjek adam kän. Sebäbi meniň adamçylygym gowy. Men seň ýaly gödek däl—diýdi.—Ine, mysal üçin tanşanymdan soň seniň şu joraňam söýer meni.

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir