Men Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde önüp-ösüp, häzirki wagtda hem şol ýerde ýaşaýaryn. Kärim boýunça mugallym bolup, esasy işimiň daşyndan daýhançylyk bilen meşgullanýandygym sebäpli, wagtymyň esasy bölgini ýaşaýan ýerimde geçirip, Aşgabat şäherine seýregräk gelýärin. Soňky gezek şu ýylyň mart aýynyň 18-ne Aşgabat şäherinde ýaşaýan garyndaşymyň beren sünnet toýuna maşgala agzalarym bilen gelenimde, paýtagtymyzyň esasy köçeleriniň birnäçesiniň durky täzelenip, öňkülerinden has-da giňeldilendigine haýran galmak bilen begendim. Meni ilkinji bolup esasy haýran galdyran köçeleriň biri-de Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bolup, bu köçäniň ugry bilen şäheriň bir künjeginden beýleki künjegine barmak üçin sanlyja minut gerek bolup, şol köçede ýeke ýolyşyk hem ornaşdyrylmadyk, ýagny olarda hiç hili zerurlyk ýok we ulaglaryň biri-birine päsgelçiliksiz hereket etmeklerine ähli şertler döredilipdir. Agzalan köçedäki ýerasty awtoulag geçelgeleriň üstünde ornaşdyrylan dürli görnüşli arhitektura şekilleri biri-birinden owadan edip ýerleşdirilip, şol şekillerdäki bezeg yşyklary gijelerine has-da gözel keşbe gelip, paýtagtymyzyň gözelliginiň üstüni ýetirýär. Bulardan başga-da paýtagtymyzyň esasy gatnawly köçeleriniň biri bolan Gurbansoltan eje hem-de A.Nyýazow şaýollary, şonuň ýaly-da Oguz han köçesi öňkülerinden has-da giňeldilip,pyýadalaryň hem-de sürüjileriň päsgelçiliksiz hereket etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Öňden bar köçeleriň şeýle ýagdaýda durky täzelenip, olardan daşary hem birnäçe köçeleriň täzeden çekilmegi ýollarda awtoulag dykynlarynyň peýda bolmagyny aradan aýryp,awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereketi üçin örän amatly şertleri döredýär we sürüjileriň nazarlaýan menzillerine tiz wagtyň içinde barmaklaryny üpjün edýär.”Sanasaň sogaby bar” diýlişi ýaly,ýerine ýetirilen we alnyp barylýan işler babatda öwgüli sözleri näçe aýtsaň bärden gaýdýar. Men bu gören täsinliklerim barada geň galmak bilen obadaşlaryma hem gürrüň berdim, olaryň köpüsi bu täzeliklerden öň habarly bolup, meniň gürrüňimiň üstüni ýetirdiler. Goý, şular ýaly il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işleriň sany köp bolsun we uzagyndan bolsun. Bizem ählimiz bolup, şeýle eşretleriň gadryny bilip, mümkin boldugyndan Watanymyzyň abraýyny mundan hem belende götermek üçin öz goşantlarymyzy goşmaga çalyşalyň.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir