ýa-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhyndan Ilkinji günlerinden taryhy wakalara, şanly senelere beslenen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň diňe bir türkmen sportunyň däl, eýsem, dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy ikuçsyzdyr. Bu ýyl eziz Diýarymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Sportuň, dostlugyň we halkara hyzmatdaşlygynyň nurana baýramy boljak bu taryhy waka mähriban Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhyna gysgaça ser salsak, yklymyň sport ýaryşlarynyň guramaçysy bolan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň esaslandyran bu oýunlary 2005-nji ýylda geçirilip başlanýar. Şol ýylyň noýabr aýynyň 12—19-y aralygynda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde Ýapyk binalardaky ilkinji Aziýa oýunlary geçirilýär. Ýaryşda yklymyň 37 döwletinden bolan türgenleriň 2343-si bu oýunlaryň medallaryny gazanmak ugrunda göreşdiler. Sportuň 9 görnüşini özünde jemlän Bangkok Aziadasy medallar toplumynyň 120-sini yklymyň iň güýçlülerine bagyşlady. Oýunlar sportuň futzal, gimnastika, ýeňil atletika, tans sporty, welosport, hup takro, taýboks, şeýle hem suwdaky we ekstremal (BMX fristaýl, skeýt, skeýtbord) görnüşlerini öz içine aldy. Ýapyk binalardaky ilkinji Aziýa oýunlarynda dürli medallaryň 57-sini gazanmagy başaran hytaýly türgenler umumy hasap boýunça öňdeligi elden bermediler. Olar altyn medallaryň 24-sini, kümüş medallaryň 18-sini, bürünç medallaryň bolsa 15-sini eýelemegiň hötdesinden geldiler. Dürli medallaryň 44-sini gazanan gazagystanly türgenler bu görkezijide ikinji orna mynasyp boldular. Umumy medallarynyň sany boýunça ep-esli artykmaýlykdan peýdalansa-da (74 medal), altyn medallarynyň sany boýunça Gazagystanyň toparyndan asgyn gelen ýer eýeleri bu görkezijide üçünji orunda ýerleşdiler. Ýapyk binalardaky ilkinji Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hakynda gürrüň edenimizde bolsa, onuň ýokary tarapynda ýerleşdirilen Günüň şekili Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşanydyr. Onda ýerleşdirilen ýyldyzjyklaryň sanynyň 9 bolmagyny yklymyň halklaryna ýakyn bolan ynançlardyr häsiýetler bilen delillendirilýärler. Olar adamkärçiligi, sportuň ruhuny, dostlugy we güýç-gaýraty, döredijilikli pikiri, birek-birege ynamy, ylhamy, erkinligi hem-de parahatçylygy alamatlandyrýarlar. Oýunlaryň resmi nyşanynda ýaryşyň geçirilen ýurdunyň – Tailandyň tapawutly aýratynlyklarynyň käbiri öz beýanyny tapypdyr. Bu oýunlaryň şekili hökmünde bolsa piliň nyşany kabul edildi. Şol wagt Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary her iki ýyldan geçirilýärdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde geçirilen Ýapyk binalardaky II Aziýa oýunlary 2007-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda başlanyp, 3-nji noýabrynda tamamlandy. Makao Aziadasynda yklymyň 44 döwletinden bolan 1792 türgen öz güýjüni synady. Onda türgenler medallar toplumynyň 151-si ugrunda göreşdiler. Ýaryşlar sportuň 17 görnüşi boýunça geçirildi. Bu sanawda sportuň bouling, gimnastika, bilýard, küşt, tans sporty, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, welosport, futzal, ekstremal we elektron görnüşlerini görkezmek bolar. Ýeri gelende Makao Aziadasynyň sportuň FIBA 33 görnüşi üçin ilkinji iri synag ýaryşy bolandygyny bellemek gerek. Bu bolsa basketboluň her toparda üç oýunçy bolup oýnalýan görnüşidir. Oýunlar Aziýanyň günorta-gündogar sebitlerine mahsus bolan aždarha hem-de ýolbars tanslaryny hem özünde jemledi. Gazanylan medallaryň sany boýunça bolsa ýer eýeleri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň türgenlerine (102 medal) taý tapylmady. Hytaýlylar altyn medallaryň 52-sini, kümüş medallaryň 26-syny, şeýle hem bürünç medallaryň 24-sini eýelediler. 69 medal gazanan tailandlylar (19 altyn, 28 kümüş we 22 bürünç medal) ikinji, 35 medal toplan gongkonglylar bolsa bu sanawda üçünji (15 altyn, 9 kümüş we 11 bürünç medallar) orunlary eýelemegi başardylar. Makao şäherinde 2005-nji ýylda Gündogar Aziýa oýunlarynyň hem geçirilendigini bellemek gerek. Çünki şäherde bu oýunlary geçirmek maksady bilen üç gatly iri köpugurly ýapyk sport toplumy gurlupdy. Bu toplumyň umumy meýdany bolsa 45 müň inedördül metre barabardyr. 2007-nji ýylyň Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlaryny geçirmekde hem bu toplumyň ähmiýetiniň diýseň uly bolandygyny nygtamak ýerlikli bolar. Gyzyl köýnekçeli ördejik Ýapyk binalardaky II Aziýa oýunlarynyň şekilidir. Türkmen türgenleri Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň ikisinde-de suwda ýüzmek boýunça öz başarnyklaryny synadylar. Ýapyk binalardaky III Aziýa oýunlary 2009-njy ýylyň 30-njy oktýabry — 8-nji noýabry aralygynynda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde geçirilýär. Umuman, oýunlaryň «Hanoý Aziadasy» diýlip atlandyrylandygyna garamazdan, onuň ýaryşlary ýurduň şäherleriniň altysynda geçirildi. Oýunlaryň şeýle atlandyrylmagynyň sebäbi bolsa ýaryşlaryň köp böleginiň paýtagtda geçirilendigi üçindir. Hanoý Aziadasynyň bu döwlete ynanylmagy Wýetnamyň Aziýa we dünýä ýaryşlaryny geçirmekde gazanan baý tejribesi bilen baglydyr. Ýaryşda yklymyň 42 döwletinden 2500-e golaý türgen sportuň 24 görnüşi boýunça medallaryň 215-si ugrunda göreşdiler. Oýunlar sportuň 3X3 basketbol, kuraş, kikboksing, kabbadi, nyşana ok atmak, taý boksy, suwda ýüzmek, elektron oýunlary, aždarha we ýolbars tanslary, sport tansy, bilýard, bouling, boks, küşt, gimnastika, ýeňil atletika, futzal we beýleki görnüşleriniň birnäçesini öz içine aldy. Ho atly towuk Hanoý Aziadasynyň şekili hökmünde tassyklanyldy. Oýunlarda gazanylan üstünlikleriň jemi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndysyna taý tapylmady. Jemi 92 medal (48 altyn, 25 kümüş we 19 bürünç medallar) toplan hytaýlylar umumy hasapda öňdeligi eýelemegi başardylar. Hytaýly türgenleriň bu görkezijisinden medallaryň ikisini artyk toplamagy başaran ýer eýeleri bu sanawda ikinji orna mynasyp boldular. Wýetnamly türgenler gazanan medallarynyň sanynyň köpdügine garamazdan, olaryň derejesi boýunça hytaýlylardan asgyn geldiler. Olar altyn medallaryň 42-sini, kümüş medallaryň 33-sini, bürünç medallaryň bolsa 22-sini gazandylar. Dürli medallaryň 58-sini toplan (21 altyn, 16 bürünç, 21 bürünç) Gazagystanyň ýygyndysy Hanoý Aziadasyny üçünji orun bilen jemledi. Aýratyn bellenilmäge mynasyp maglumatlaryň biri bolsa, Ýapyk binalardaky III Aziýa oýunlarynda eziz Diýarymyzdan 16 türgeniň wekilçilik etmegidir. Onda türkmen türgenleri sportuň ýeňil atletika hem-de futzal görnüşleri boýunça medallar ugrunda göreşdiler. 13 ýurduň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçen futzal ýaryşynyň birinji tapgyrynda ildeşlerimiz «A» toparçada çykyş etdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň toparyndan ýeňlip, Makaonyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňlişe sezewar eden (3:0) ildeşlerimiz toparçada ikinji orny eýelemegiň hötdesinden geldiler. Aýlaw usulynda geçirilen ýaryşlarda (utulan çykdy) bolsa türkmen futzalçylarynyň ilkinji garşydaşy Iordaniýanyň ýygyndysy bolup, duşuşyk ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. Ildeşlerimizden Guwanç Kanaýewiň duşuşygyň goşmaça wagtynda geçiren goly türkmen ýygyndysyna 3:2 hasabynda ýeňiş getirdi. Bu oýunda Mergen Ataýew garşydaş toparyň derwezesinden iki gol geçirdi. Ýaryşyň ýarym finalynda bolsa ildeşlerimiz ýene-de Eýranyň ýygyndysyndan ýeňildiler. Üçünji orun ugrundaky duşuşygyny Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçiren türkmen futzalçylaryna bu duşuşygy hem ýeňiş bilen jemelemek başartmady. Ýaryşda 4 gol geçirmegi başaran türkmen hüjümçisi Elman Tagaýewiň ýaryşyň iň netijeli futzalçylarynyň hatarynda ýerleşendigi bolsa diýseň buýsandyryjy maglumatlaryň biridir. Söweş sungaty boýunça ilkinji Aziýa oýunlary bolsa 2009-njy ýyl bilen senelendi. Oýunlar şol ýylyň 1—9-njy awgustynda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirildi. Iri oýunlaryň diýseň sadalygy bilen tapawutlanan nyşany bolsa «M» we «A» harplaryndan ybaratdyr. Hanuman diýlip atlandyrylýan maýmynyň keşbi bu oýunlaryň şekilidir. Ýaryş Aziýanyň 37 döwletiniň iň güýçlileriniň 892-sini jemledi. Onda türgenler söweş sungatlarynyň 9-sy boýunça medallaryň toplumynyň 108-si ugrunda düşekçä çykdylar. Ýaryşlar söweş sungatynyň dzýudo, kikboksing, jiu-jitsu, taekwondo, kuraş, pençak-silat we beýleki görnüşlerini öz içine aldy Bangkok Aziadasynda türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan üstünlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ildeşlerimiz Söweş sungaty boýunça I Aziýa oýunlarynyň 4 medalyna (1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç) mynasyp boldular. Türkmen türgenleriniň altyn medaly kuraş boýunça Şirin Kubaýewa tarapyndan gazanyldy. Ildeşlerimiz kikboksing boýunça geçirilen ýaryşlarda iki medal eýelediler. Olar 63,5 kilograma çenli agramlarda Kemal Amanowyň eýelän kümüş, şeýle hem Allaberdi Omarowyň 60 kg-de gazanan bürünç medallarydyr. Bürünç medallaryň indikisi bolsa uşu hem-de kungfu görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda Gurbangeldi Atageldiýew tarapyndan gazanyldy. Ýer eýeleri umumy gazanylan medallaryň sany boýunça birinji orny (54 medal) eýelediler. Gazagystanyň ýygyndysy ikinji orny (34 medal), Koreýa Respublikasynyň topary bolsa üçünji orny (19 medal) (10-sy altyn) eýelemegiň hötdesinden geldiler. Ýapyk binalardaky IV Aziýa oýunlary 2011-nji ýylda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilmelidi. Emma bu oýunlaryň Dohada geçirilmegi bilen bagly mesele birnäçe sebäplere görä togtadyldy. Şeýlelikde, 2013-nji ýyldan Ýapyk binalardaky yklym oýunlary Söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bilen birikdirlip geçirilip başlandy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary 2013-nji ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýulyna çenli Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirildi. Ýeri gelende Inçhon Aziadasynda ilkinji gezek iki iri ýaryşyň – yklymyň Ýapyk binalardaky oýunlarynyň hem-de Söweş sungaty boýunça Aziadanyň birikdirilmeginiň bu oýunlaryň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrandygy aýratyn bellärliklidir. Ýaryşda yklymyň 43 döwletinden 1652 türgen oýunlaryň medallar toplumynyň 100-si ugrunda göreşdiler. Oýunlar sportuň 12 görnüşini öz içine aldy. Sportuň bilýard, bouling, küşt, futzal, kikboksing, kuraş, suwda ýüzmek, kabbadi, elektron oýunlary, tans sporty, taý boksy, şeýle hem, gözbaşyny Gadymy Hytaýdan alyp gaýdýan aň-paýhas oýny Go ýaly görnüşlerini özüne jemlän Inçhon Aziadasy medallaryň umumy sany boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu görkezijide Koreýa Respublikasynyň türgenleri ikinji, wýetnamlylar bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunda IV Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň hem ajaýyp netijeleri gazanmagy başarandyklary diýseň buýsandyryjyr. Inçhon Aziadasynda ildeşlerimiz tarapyndan gazanylan üstünlikler hakynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda kikboksing ýaryşlarynyň üstünde durup geçmek ýerlikli bolar. Türkmen türgenleri bu görnüş boýunça medallaryň ikisini gazanmagyň hötdesinden geldiler. 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etmek bilen ýaryşa çärýek finaldan goşulan Gurban Beghanow ilki bilen yrakly garşydaşyny arassa ýeňdi. Ýarym final duşuşygynda bolsa mongoliýaly türgenden üstün çykan (arassa ýeňiş — 3:0) türkmen kikboksçysy finalda iordaniýaly Ahmad Al-Jarajreh bilen tutluşdy. Ildeşimiz bu garşydaşyny hem ýeňlişe sezewar etdi we Inçhon Aziadasynyň altyn medalyny eýeledi. Şöhrat Hallyýew hem ýaryşa 1/16 finaldan başlady. 63,5 kg-de çykyş eden ildeşimiz bu tapgyrda ýemenli garşydaşyny arassa ýeňdi. Şöhrat idiki ýeňşini mongoliýaly türgen bilen duşuşygynda gazandy. Finala çykmak ugrundaky tutluşykda bolsa gazagystanly Alekseý Fedoseýewden ýeňlen türkmen türgeni oýunlaryň bürünç medalyny eýeledi. Türkmen kikboksçylary sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlarda umumylykda bäşinji orny eýelediler. Ildeşlerimiz kuraş boýunça hem ýokary netijeleri gazandylar. Ýaryşlara çärýek finaldan goşulan Nuraly Ýalkabow (90 kg) eýranly hem-de yrakly pälwanlary ýeňmek bilen finala çykdy. Jemleýji duşuşykda bolsa täjik türgenini ýeňlişe sezewar edip, oýunlaryň altyn medalyny eýeledi. 73 kg-de çykyş eden Muhammet Temirow bu görnüşden ýaryşlaryň kümüş medalyna mynasyp boldy. 81 kg-de bolsa yrakly, wýetnamly we mongoliýaly garşydaşlaryny ýeňip, finalda özbek pälwanyndan utuklar boýunça az-kem asgyn gelen Serdar Jümmiýew Inçhon Aziadasynyň kümüş medalyny gazandy. Bu görnüşden zenan türgenlerimiz hem olaryň ýoluny mynasyp dowam etdirdiler. 52 kg-de Aýna Jumagulyýewa, 63 kg-de bolsa Nasiba Surkiýewa yklym oýunlarynyň kümüş medallaryna mynasyp boldular. Kuraş boýunça ýaryşlarda medallaryň sany boýunça türkmen türgenlerine taý tapylmady. Ildeşlerimiz altyn we kümüş medallaryň 5-sini gazandylar. Emma medallarymyzyň sanynyň kändigine garamazdan, altyn medallarynyň diňe biriniň artykmaçlygy umumy hasapda özbegistanly türgenleriň öňe saýlanmagyna sebäp boldy. Türkmenistanly türgenler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda futzal, suwda ýüzmek, kabbadi hem-de taý boksy görnüşleri boýunça hem öz güýçlerini synadylar. Türkmen türgenleri Inçhon Aziadasynyň 7 medalyny eýelemegi başardylar we umumy hasap boýunça 11-nji orna düşdüler. Yklymyň 43 döwletiniň iň güýçlüleriniň gatnaşmagynda geçen Inçhon oýunlarynda ildeşlerimiziň şeýle ýokary netijäni görkezmekleriniň örän buýsandyryjydygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa milli sportumyzyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakadygyny bellemek gerek. Oýunlaryň jemlenmegi bilen türkmen türgenleri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň göçme baýdagyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek mekany bolan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherine alyp geldiler. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda eziz Diýarymyzda geçiriljek iri sport baýramçylygyna – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bolsa Aziýanyň we Okeaniýanyň 62 döwletiniň iň güýçli türgenleri bilen bir hatarda sport janköýerleriniň hem müňlerçesi gatnaşar. Gatnaşjak döwletleriň, sport görnüşleriniň, şeýle-de, türgenleriň hem-de myhmanlaryň mukdary boýunça häzirden özboluşly rekordlara eýe bolan bu oýunlar diňe bir yklymyň däl, eýsem, bütin dünýäniň üns merkezinde durýar. 2010-njy ýylyň 19-njy dekabry türkmen sportunyň taryhyna möhüm ähmiýetli günleriň biri hökmünde girdi. Çünki hut şol taryhy gün Garaşsyz hem hemişelik Btarap Türkmenistana 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge rugsat berýän resmnamanyň tassyklanan günüdir. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Kuweýtiň paýtagtynda gol çeklen resminamasy bilen birlikde bu iri guramanyň belent ynamyna mynasyp boldy we merkezi Aziýada ilkinji bolup yklymyň iri ýaryşyny geçirmäge hukuk gazandy. Şol ýyldan gözel paýtagtymyzda 157 gektar meýdany bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna badalga berilmegi bolsa milli Liderimiziň Aziada—2017-ni ýokary derejede geçirmek ugrunda alyp barýan döwletli tutumlarynyň ilkinji subutnamalarynyň biridir. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabryndan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäherjigiň düýbi tutuldy. Häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Olimpiýa şäherjigi bütin dünýäniň sport hünärmenlerini haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň gňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azýa oýunlarynyň Guramaçylyk komtetini döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi bolsa bu oýunlary ýokary derejede guramak ugrundaky uly bir ädimdir. Bu wakadan kän wagt geçmänkä bolsa Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde «V Azýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda» Perman hem-de «V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komtetiň meseleleri hakyndaky» we «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetniň düzümini we Komitet hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlar kabul edildi. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, şeýle hem, Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa Aşgabat Aziadasynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň Oýunlaryň maksatnamasyna atçylyk sportuny (konkury) hem-de türkmen milli göreşini goşmagy hakyndaky gyzgyn goldawa eýe bolan teklibi bilen Oýunlaryň sport görnüşleriniň sany 21-e ýetirildi. Tamamlanyp barýan ýylyň 2-nji aprelinde 6 bapdan we 23 maddadan ybarat bolan “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny metbugatda resmi taýdan çap edildi. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» atly şygar astynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galanmagy mynasybetli Gadymy Nusaý galasyndan 17 çapyksuwardan ybarat toparyň welaýatlar boýunça ýörişine badalga berildi. Ata Watanymyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny ellerinde göterip, Aşgabat Aziadasyna tarap batly gadamlar bilen barýan atly ýigitler 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 17-de Olimpiýa şäherjigindäki stadionda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna aralaşar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň iň iri taryhy wakasy – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda iň gowy oýunlar hökmünde taryhyň sahypalarynda mynasyp ornuny tapar.