Fewral aýynda bolşy ýaly, türkmen türgenleri mart aýyny hem medallara beslemegi başardylar. Olar dürli ýurtlarda geçirilen iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bilen ildeşlerimizi begendirdiler. Ine, şu hepdede hem şowly çykyşlar dowam etdirildi. Russiýanyň paýtagty Moskwada sport we söweş sambosy boýunça A.Harlampiýewiň ýadygärligine bagyşlanan dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Nusgawy görnüşinde altyn medallaryň ikisine toparymyzdan G.Babamyradowa (52 kg) we Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby B.Meretgeldiýew (62 kg) eýe boldular. Ç.Annagurbanow (100 kg) söweş sambosy boýunça tapawutlanyp, ýene bir altyn medala mynasyp boldy. N.Ataýew (52 kg), A.Taňryberdiýew (57 kg), R.Ýusupow (62 kg), J.Madaminow (82 kg), S.Hojamuhammedow (90 kg), Z.Madaminowa (100 kg) we L.Nuryýewa (80 kg) kümüş medal eýelediler. R.Ismailow (52 kg), K.Allanurow (58 kg), A.Babaýew (68 kg), A.Nazarowa (48 kg) we M.Mülkiýewa (80 kg) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy umumytoparlaýyn hasapda söweş sambosy boýunça ikinji, göreş görnüşinde bolsa üçünji orunlary eýelediler. Awstriýanyň Gras şäherinde geçirilen Bütindünýä gyşky ýörite olimpiýa oýunlarynda olary Ýörite olimpia milli merkezinde tälim alýan Aşgabadyň mümkinçiligi çäkli çagalar mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy A.Aşyrow iki altyn medal gazandy. Ol 25 metr we 55 metr aralyga konkide ylgamak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Rigada geçen halkara ýaryşynda «K-1» we «Full-kontakt» ugurlarynda ýygyndy toparymyzdan H.Geldimämmedow, A.Akyýew, M.Gupbykowa we B.Çaryýewa dagy tapawutlandy. N.Ataýew (54 kg), R.Kasymow (57 kg), S.Fakirow (81 kg), Y.Geldimämmedow (91 kg), A.Babaýewa (50 kg), S.Bahramowa (52 kg), F.Gutlymyradowa (56 kg), B.Çaryýewa (63,5 kg) we G.Çarygulyýewa (65 kg) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. A.Jumamyradowa (50 kg), A.Gurbangeldiýewa (52 kg) we Selbi Kulyşewa (60 kg) kümüş medaly eýelediler. H.Geldimämmedow (75 kg) bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Ýokarda ady agzalan kikboksçylarymyzyň hemmesi diýen ýaly K-1 görnüşde hem tapawutlandy. Bu görnüşde ildeşlerimiz 5 altyn, 5 kümüş we 4 bürünç medallary eýelediler. «Light kontakt» görnüşinde S.Sylabow (57 kilograma çenli agram derejesinde) ýene bir altyn medala mynasyp boldy. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleriniň Rigadaky çykyşlarynyň netijesi 28: 15 altyn, 8 kümüş we 5 bürünç medallardyr. Garyşyk başa-baş göreş boýunça Antaliýa (Türkiýe) şäherinde geçen dünýä çempionatynda Söweş sungatlary milli federasiýasynyň (hanmudo) tälimçisi Ş.Allaýew dört gezek hormat münberine çykdy. Ildeşimiz MMA-laýt görnüşi boýunça, şeýle hem grepplingde altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ol ýene bir altyn medala nunçakly emeller boýunça toplumlaýyn maşklaryň netijesinde bürünç medala bolsa nusgawy görnüşde görkezme çykyşlarynda mynasyp boldy. Greppling görnüşinde tapawutlanan Şöhrat we Muhammet Orazgeldiýewler, H.Möwlamow we Ý.Gurbanmyradow dagynyň hersi bir altyn medala mynasyp boldy. Olar MMA-laýt we MMA-full görnüşlerinde, degişlilikde, bir kümüş we üç bürünç medaly eýelediler. Bu görnüşlerde G.Möwlamow iki gezek bürünç baýraga mynasyp boldy. Şeýlelikde, biziň pälwanlarymyzyň Türkiýede geçen dünýä çempionatynda çykyşlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň 7 altyn, 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen üsti ýetirildi. Wengriýanyň paýtagty Budapeştde tamamlanan «Budapest Spring Festiwal» atly küşt boýunça halkara ýaryşynda (şweýsar ýaryş usuly) türkmen türgenleri 2 altyn we 1 kümüş medallara mynasyp boldular. «B» toparda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplan sport ussatlygyna galaşgär G.Amangeldiýew altyn medala mynasyp boldy. Öz ildeşinden diňe sport koefisientleriniň gatnaşygynda yza galandygy sebäpli ikinji orny eýelän Hajygurban Döwletow hem edil şonça utuk toplady. «S» toparda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň mugallymy, sport ussatlygyna dalaşgär W.Annaýew 8 utuk toplady. Ildeşimiz ýedi duşuşykda öz garşydaşlaryny utdy, iki duşuşygy bolsa deňlikde tamamlady. Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça «Alatau gylyçlary» atly halkara ýaryşynda ildeşlerimiz rapira görnüşinde 1 altyn we 2 bürünç medal gazanmagy başardylar. Birinji orna ýetginjekler toparynda J.Döwletnazarow mynasyp boldy. J.Döwletnazarow ýene bir medaly, ýagny bürünç medaly toparlaýyn bäsleşikde M.Hallyýew we D.Podorogin dagy bilen bilelikde çykyş edip eýeledi. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy hem oňat netije gazandy. A.Melikowa, K.Melaşenko we W.Satylowa dagy hem toparlaýyn bäsleşikde bürünç medal eýeledi. Ildeşlerimiz şpagada gylyçlaşmakda hem iki medal gazandylar. Ahmet Agaýew bürünç medal eýeledi. Ýene bir bürünç medaly toparymyza J.Döwletnazarow getirdi. Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde adaty karate boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby R.Hudaýberenow üç altyn medala mynasyp boldy. Toparlaýyn tutluşyklarda onuň ýeňiş gazanmagyna B.Jepbarow hem-de Gurbanmyrat Gylyjow, toparlaýyn katada, şeýle hem aýratynlykdaky katada (D.Berdiýew we B.Dädebaýew) kömek berdiler. 21 ýaşdan ýokary bolan toparda aýratynlykdaky tutluşyklarda çykyş eden Diýar Hojaýew hem altyn medal gazandy. Bäşinji altyn medal A.Taýhanow mynasyp boldy. 16-17 ýaşly gatnaşyjylaryň arasynda aýratynlykdaky tutluşyklarda oňa taý tapylmady. Kümüş baýraklara G.Gylyjow (aýratynlykdaky kata) we D.Berdiýew (aýratynlykdaky tutluşyklar) mynasyp boldular. Şeýle hem, türkmenistanlylar en-bu ýaryşlarynyň netijesi boýunça (D.Berdiýew we D.Dädebaýew) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Bürünç baýraklar toparlaýyn tutluşyklarda (D.Begliýew, B.Dädebaýew we G.Hojaýew), aýratynlykdaky tutluşyklarda (B.Jepbarow we B.Dädebaýew) hem-de aýratynlykdaky katalaryň iki görnüşinde (D.Berdiýew) gazanyldy. Netijede karateçilerimiz 5 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. 30-njy martda Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary Maldiw Respublikasynyň paýtagty Malede Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň kümüş medalyny eýeledi. Türgenlerimiz jemleýji duşuşykda Gyrgyz Respublikasynyň toparyndan asgyn geldi. Ildeşlerimiz oýunlaryň deslapky tapgyrynda gyrgyzystanlylary 2:3, nepallylary 3:0, ýer eýelerini hem hut şeýle hasap bilen ýeňipdiler. Aprel aýynyň şeýle üstünlikleri bolsa ýaş küştçimiziň gazanan netijesi bilen başlandy. L.Şöhradowanyň bu üstünligi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalydyr. Ýaş küştçi bu medalyny küştüň rapid görnüşi boýunça gazandy. Ol nusgawy görnüş boýunça hem yklym ýaryşynyň çempionlygy ugrunda göreşýär. Üstünlik gazanylan görnüşleriň köpüsiniň Aziada – 2017-niň maksatnamasyna girýändigi aýratyn guwandyrýar. Munuň özi türkmen türgenleriniň bu iri yklym oýunlaryna taýýarlykly barýandygyny görkezýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir