Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Häzirki wagtda berilýän ünsüň güýçlenmegi netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da ýokary derejelere ýetirilýär. Ýurdumyzda innowasion we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw toplumlarynyň gurluşy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň birnäçesinde bilim almaklary üçin giň ýollar açyldy. Türkmen halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň Garaşsyz Watanymyzyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesinde tölegli okuwlarda okap, bilim almaklary üçin hem, uly mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda Türkmen döwlet ynsanperwer we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tölegli okuwlara niýetlenilip, olarda täze girizilen hünärler boýunça ökde hünärmenler taýýarlanylýar, iňlis dili, hytaý dili öwredilýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir