Hemmämize mälim bolşy ýaly, soňky döwürde ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan okamaga, öwrenmäge, döretmäge köp mümkinçilikler döredilýär. Ýagny täze-täze institutlar, uniwersitetler, ýörüte orta mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär we öňki ýokary okuw jaýlarynyň durky täzelenýär. Bulardan başga-da türkmen ýaşlaryna diňe bir ýurdumyzyň çäginde bilimlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem olar daşary ýurtlarda hem öz bilimlerini artdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de geçen 2016-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda 369 sany dürli mazmunly täze kitaplar çykarylyp, olardan 193 sanysy okuw kitaplar, galan 176 sanysy täze, dürli mazmunly, halkymyzyň höwes bildirip okaýan söýgüli kitaplary bolup durýar. Ýokarda agzalan kitaplardan 2016-njy ýylyň dowamynda 6 000 000 (alty million) sanysy çap edilip, bu bolsa halkymyz şol kitaplary höwes bilen okaýandygynа aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyzda täze-täze kitaphanalar açylyp, olarda dünýäniň belli ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we dünýäde yz goýup giden alymlarynyň ýazyp, nesillere miras goýup giden eserleridir, taglymatlaryny tapmak bolýar. Bu bolsa biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilik bolup durýar.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir