Ýagny bilşimiz ýaly, häzirki wagtda idegsiz, has takygy eýesiz ygyp ýören itleriň we şuňa meňzeş öý haýwanlarynyň sany şäheriň çäginde, has hem şäheriň etegindäki Çoganly, Şor şäherçeleriniň çäginde artýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem birnäçe ýaşaýjylaryň özleriniň borçlaryny berjaý etmän öý haýwanlaryny gereginden artyk köpeldip, soňlugy bilen bolsa idedip bilmän bu öý haýwanlaryny daş ýerlerik zyňýandyklaryndan ybarat. Bu zyňylan itler bolsa häzirki günde ýaşaýyş toplumlaryna aralaşýarlar. Şol eýesiz ygyp ýören itler bolsa hapa-haşallaryň zir-zibilleriň arasynda gezmek bilen, birnäçe ýokanç keselleri halk köpçüligine ýaýradýar. Galyberse-de, bu itleriň açlykdan hor bolup, ýeke barýan adamlara, esasan-da mekdep okuwçylaryna topulyp başlandyklaryny görmek bolýar. Ýeri gelende bellesek, ýakynda goňşym Çoganly şäherçesiniň Balkan köçesiniň ugrunda ýigimä golaý eýesiz itleriň toparlanşyp gezýändigini, olaryň diňe bir çagalara däl-de eýsem, uly ýaşly adamlara hem topulyp başlandyklaryny aýdyp, çagalaryny mekdebe ýeke ibermekden howatyrlanýandygyny gürrüň berdi. Hakykatdan hem eýesiz itleriň sanynyň artmazlygyny hem-de öý haywanlarynyň ýabanlaşmazlygyny gazanmak üçin her birirmiziň özümiziň idedip biljek haýwanlarymyzy köpeltsek has dogry bolar diýip hasaplaýaryn.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir