Türkmen zenany, olar ilki bilen biziň mährem enelerimiz. Eneleriň mähri hiç bir zat bilen ölçäp bolmjak mukaddeslik, giň giden umman mysaly tükeniksizlik. Eneler öz ýüreginden mähriban perzentlerine jan aýryp jan berýärler. Çagajygynyň daşyny gallap, olary suwdan, ýelden, otdan, yssydan, sowukdan gorap gezýärler. Çagalary ulalyp, bireýýäm ulularyň hataryna goşulan-da bolsa, perzent ene üçin perzentligine galýar. Çünki ene perzendiň halyna sözsüz düşünip bilýär. Şeýdibem perzent üçin nusga öwrülýär. Olara islendik ýagdaýda hemaýatçy, maslahatçy ornuna geçýar. Belki şonuň üçindir, “Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar” nakyly halk arasynda giňden ýaýrapdyr. Türkmen halky maşgala gurmaklyga aýratyn ähmiýet berýär. Uly arzuw-umyt bilen gelin töre geçirilýär. Ýaşlara jan saglyk, agzybirlik dileg edilýär. Yzysüre bolsa, olara ogul perzent, gyz perzent –sallançagyň badynyň ýatmazlygy dileg edilýär. Çünki köp çagalylyk döwletlilikden bir nyşan hasap edilýär. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu millilik biziň bagtyýar döwrümizde hem dowam etdirilýär. Öý doly çagaly maşgalalaryň şatlyk-şowhuny-da üýtgeşik bolýar. Öýüň “Altyn aşyklarynyň” jagyl-juguly şol maşgalanyň agzybirligini, nesil dowamatyny alamatlandyrýar. Ene-ata mährinden ganyp kemla gelýän perzentler geljekde watan ogullary, watan gyzlary bolup agzybir maşgalany gurýarlar we dolandyrýarlar. Şeýle maşgalalar bolsa türkmen milletiniň dowamat-dowamy bolup, görelde görkezýärler. Sebäbi gurgun maşgalalaryň känligi, döwletimiziň berkliginden nyşan. Şol maşgallarda terbiýelenýän çagajyklar ähli amatlyklary bolan çagalar baglaryna, mekdeplera gatnaýarlar. Bilim, terbiýe alýarlar. Bilimli, terbiýeli ýaşlar biziň jemgyýetimiziň bezegi. Döwletimiziň geljegi. Aýratyn hem gyz maşgalalaryň mekdeplerde milli lybasda, saçlary iki örülgi, mähirli, mylaktly bolmaklary zenan hökmünde bizi diýseň guwandyrýar. Çünki içki gözellik bilen daşky gözellik sazlaşanda gözelligiň özü-de haýran galýan bolsa gerek. Muny nusgawy edebiýtyň mysalynda, häzirki döwrüň eserlerinde hem aýdyň görmek bolýär. Bahara çalymdaş, bahar mysaly, Görki gülden zyýat, gökana gyzlar. Gyz kalbyňyz daň säheri mysaly, Säher ýaly sada, türkana gyzlar. Dünýä gözel, dünýädenem gözel siz, Gözellikden dörän ajap gazal siz, Her bir işde nusga boluň owal siz, Goýup görenleri haýrana, gyzlar. Ajap keşbiňizden görk alsyn güller, Waspyňyz ýetirip saýrasyn diller, Arzuwa ýetirsin bagtyýar ýyllar, Ýaýnaň şat durmuşda erkana, gyzlar. (Ýusup Saryýew.) Hüýr-perä, gül-gunça, jerene-marala deňelýän gyz-gelinlerimiz öz hüý-häsiýeti, ene-mamalarymyzdan alan ajaýyp göreldesi bilen has-da gözelleşýär. Şeýle mähribanlaryň barlygy bu günki gün türkmen jemgyýetini has-da kämilleşdirýär, çünki türkmen zenany dürli käriň eýeleri, maşgala ojagynyň bikeleri, öý-obanyň agzybirliginiň sazlaşdyryjylary bolup çykyş edýärler. Bagtyýar zamanamyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Sekiz we ondan köp çagaly zenanlarymyz “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolýarlar. Her ýyl ähli amatlyklary bolan jaýlar bilen üpjün edilýär. Sylag-serpaýa mynasyp bolýarlar. “Ene mähri” merkezlerinde saglyklaryna seretdirýärler. Ýaşamaga, dynç almaga bolan şertlerden giňden peýdalanýarlar. Elleri işli, dilleri süýji, maşgalasyna mähirli zenanlara, gyz, gelinlere jan saglyk, işde-durmuşd üstünlik arzuw edýäris.