Biziň türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri öz goňşusyna hormat goýup, ony has ýakyn saýyp gelipdir. Türkmen we özbek halklarynyň iňňän irki döwründen gözbaş alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklary iki halkyň birek-biregi goldamak, şat gününde şatlanyp, hasratly güninde kynçylyklary bile çekmek esasynda asyrlar boýy dowam edip gelýär. Şu ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ilkinji resmi döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmegi hem bu asylly däbiň dowam etdirilýändigine anyk subutnamadyr. Ýokary derejeli geçirilen gepleşikler sebitleýin we halkara howpsuzlyk, parahatçylyk we ylalaşyk ulgamyny pugtalandymak, ikitaraplaýyn bähbitli bolan gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, energetika, ulag, kommunikasiýa we ekologiýa bilen bagly meseleleri öz içne aldy. Şol sanda Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzstan-Hytaý gaz geçirijini çekmek, Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňizi-Günorta Kawkaz ulag ugruny geçirmek we Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) ulag-üstaşyr geçelgesini gurmak, Araly halas etmek, suw hojalyk meseleleri we syýahatçylygy ösdürmek ýaly örän wajyp bolan uly meselelere hem seredilip geçildi. Biziň türkmen we özbek halklarymyzy diňe bir geografiki taýdan ýakynlyk däl, eýsem, hakyky doganlykgatnaşyklary, taryhy ykballaryň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň umumy berk baglanyşdyrýar we medeniýetimizde, taryhymyzda bar bolan umumylyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandymaga we ösdürmäge hemişe giň we aýdyň ýoly açýar. Duşuşygyň barşynda Özbek Lideri Özbegistanda beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň “Ile baryş eýle” diýilip atlandyrylan kitabyň ilkinji nusgasyny Hormatly Prezidentimize sowgat berdi we ýurduň hökümediniň çözgüdi bilen Daşkent şäheriniň esasy köçeleriniň birini Magtymgulynyň adynyň dakylandygyny habar berdi. Bu habar beýik akyldar şahyryň döredijiligine hormat goýýan raýatlarymyzyň ählisi üçin hakyky sowgat boldy. Iş saparynyň dowamynda Döwletleriň Baştutanlary özbek halkynyň beýik ogly, görnükli syýasy we döwlet işgäri, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Y.A.Karimowyň Türkmenabat şäherindäki ýadygärlik toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we özbek tarapy ýurdyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasy tutulyp, uly hormat sarpa goýulandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanlary Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän bu täsin inženerçilik-tehniki desga geljekde abadançylygy we ösüşi, giň halkara hyzmatdaşlygy hem-de halklaryň ýakynlşmagyny üpjün eder.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir