Bitarap ýurdumyz bütin dünýäde, aýratyn hem sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň merkezi bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňaýly şertleri döredýär. Sebit howpsuzlygy boýunça ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň teklipleriniň başlangyçlary esasynda häzirki möhüm meseleleri çözmegiň gönezliginde täzeçe garaýyşlarda, çemeleşmelerde jemlenýär. Bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijilik merkezine öwrülmek bilen, birek-birege sarpa goýmak ýörelgeleri halkara hyzmatdaşlar bilen umumy bir çözgüdiň işlenip taýýalanylmagyna ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek baradaky yglan eden başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny, durnuklylyga we howpsuzlyga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge uly goşant bolar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä götermäge ýardam berer, ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümlerine işjeň goşulyşmagyna, iri logistika merkezleriniň döredilmegine, sebit intermodal ýükleri daşamagyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge hyzmat eder. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli künjeginde iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanmaga berilýär, olar «Demirgazyk-Günorta», «Gündogar-Günbatar» ugry boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän sebit we sebitara ulag ugurlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň köpugurly ulgamyny dikeltmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädimlerdir. Tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagy iri möçberli wezipeleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda demir ýol önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy — täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dünýä bileleşigi tarapyndan milli Liderimiziň ýöredýän Bitarap Türkmenistanyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli, hoşniýetli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir