Halkymyzy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman jaýlaryna göçüp bardylar. Şäherlerde bolşy ýaly, oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy has giň möçberlere eýe boldy. Köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze taryhy eýýamyň asylly däbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabatda we ýurdumuzyň beýleki sebitlerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin mugut ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş ulgamyna gönükdirilen we halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ýörite işlenip taýýarlanylan taslamalarda iri panelli dört gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, mümkinçiligi çäkli raýatlaryň mynasyp ýaşaýyşy üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem olaryň golaýynda işe ýerleşmek mümkinçiligini üpjün edýän desgalar bina edilýär.

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir