Ýurumyzyň ähli ýerinde arassaçylygyň berjaý edilmegi üçin gaýragoýulmasyz işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, tertipleşdirilmäge degişli käbir ýagdaýlaryň bardygyny, ýagny käbir şäherlerimizde, etrap merkezlerimizde we obalarymyzda eýesiz itleriň, pişikleriň duş gelýändigini we munuň özüniň raýatlarymyz üçin dürli päsgelçilikleri döretmek bilen birlikde olaryň saglygyna hem howp salyp biljekdigini hakykatyň hatyrasyna bellemek gerek. Adamzat döräli bäri onuň gapdalynda mydama dürli haýwanlar bolupdyr we olaryň käbirlerini adamlar öz öýüne ýakynlaşdyryp, eldekileşdiripdirler hem-de şeýdip kem-kemden adamyň töweregine, onuň durmuşynyň hemrasy bolan-haýwanlar, jandarlar ýakynlaşyp ugrapdyr. Uzak wagtyň geçmegi bilen itler we pişikler adamynyň wepaly hem-de mylakatly dostuna öwrülipdir we adamlar bu haýwanlary edil maşgala agzasy ýaly saklaýarlar. Ýöne durmuşda edil adamlaryň syrkawlaýşy ýaly haýwanlaryň arasynda syrkawlaýandygyny we haýwanlaryň keselleriniň käbiriniň adamlara ýokuşyp, olaryň saglygyna dikeldip bolmajak howplara salyp bilýändigi biz bilmelidiris. Şeýle kesseleriň biri hem haýwanlaryň guduzlama keselidir. Bu kesel ýiti ýokanç kesel bolup, ol adaty mikroskop arkaly görüp bolmaýan, nerw dokunmasyny zeperlendirýän wirus arkaly döreýär. Guduzlama keseli syrkaw haýwanyň sagdyn haýwany dişlemesi netijesinde tüýkülik arkaly ýokuşýar we ol adamlara, öý we ýabany haýwanlara hem ýokuşyp bilýär. Şeýle hem keselli haýwanlaryň adamlary inçekesel, brusellez, agsyl kesele we başga-da birnäçe ýakymsyz kesellere duçar etmegi mümkin. Emma, öý haýwanlary saklamagyň düzgünleriniň dogry berjaý edilmezligi we ýerlerde itlerdir, pişikleriň eýesiz bolmagy netijesinde haýwanlarda adam üçin howply bolan guduzlama keseliniň ýa-da beýleki keselleriň döremegi we onuň az hem bolsa adamlara ýokuşmagynyň ýüze çykmagy gynandyryjy ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem öý haýwanlaryny saklaýan raýatlarymyz öý haýwanlaryny saklamaklygyň düzgünlerini berk berjaý etmäge we degişli döwlet edaralary hem eýesiz itler hem-de pişikler boyunça bellenen tertibe laýyklykdaky çäreleriň geçirilmegine çynlakaý çemeleşmelidirler

Köneler, parahattm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir