Mukam demini zordan alýady Ogulnabat daýzada gelip aljyap näme etjegini bilmän durdy kakasy ylgap tiz kömege jan etdi herkim tiz kömegiň gelmegine howlukup garaşýardy. Mukam --men adam öllürdüm men adam öllürdüm diýip samyrdap ýatyrdy. Ogulnabat daýzada --bu nämeler gürleýä waah çagama näme bollyka? baryn tiz kömek gelmänkä eşiklerini byr çalşyn myjjyk bolupdura. diýip aglaýardy. Byr salymdan tiz kömek geldi Mukamy ulaga mündürüp äkitdilerOgulnabat daýzada oglunuň ýany bilen gitdi. ýolda dogtor ogulnabat daýza --ogluňuza näme bolly beýle, öňem şeýle ýagdaýy bolýadymy? --ýok bolonokdy ilkinji gezek şeýle bolýa. diýip oglunuň elinden tutup otyrdy. Mukamam ýenede --men adam öllürdüm men adam öllürdüm, diýip samyrdap başlapdy dogtaram ejesine --näme bolly ogluňuz nme diýýa --ýok hiç ýatanda erýet düýşler görýä basyrganýa çaga diýip Ogulnabat daýza gepi başga ýana sowýar. Mukam iki gün özüni bilmän ýatypdy. Özne gelenden soňam hiç kim bilen gürleşmän ikigözüni byr nokada dikip otyrýardy. 9 günden son Mukamy hassahanadan çykardylar, ejesi Ogulnabatdaýza oglunuň yzyndan almana gelende baş lukman ony ýanyna çagyryp --siziň ogluňuz byr zatdan erwet gorkupdur bu ýagdaýa başgaça şok diýäler köpleç adam diňe erwet gorkanda beýle ýagdaýa düşýär we ogluňuzuň ýureginde byr az näsazlyk bar, we kellesinede zararýeten bolup biler. Birem ogluňyzy getiren lukman ogluňuzuň byr zadlar diýip samyrdanyny aytdy buny düşündürüp bilersiňizmi? Ogulnabat daýza aljyrap başlady, ýöne aljyraňlylygyny görkezmedi --bagyşlaň lukman bu çaga men öz çagam däl men ogulluk aldym kiçiligindenem şeýle düýşler görýärköplenç aglap turup meň ejem kakamy öllürdüler diýä. men aslynda näme bolanyny bilemok, ýönemen ony öz çagam ýaly görýa we seredýänem diýip gözüne ýaş aýlady. onda lukman --düşünýän siz enesiňiz ýöne ýalan sözläp ogluňuzuň arkasyny alyp oňa kömek edip bilmrsiňiz --lukman bu näme diýdigiňiz... düşünmedim... --siziň ogluňuzuň damarlarynda sanjym yzlary bar we ganyny barlamyzdada neşe serişdeleriniulanýandygyny öwrendik, diňe siz däl bu ýagdaýda gaty kän mşgala duş gelipdik, ýöne ýalan söz bilen ogluňuza kömek edmersiňiz. Ogulnabat daýza dymdy sesini çykarmady çünki näme jogap berjegini bilmeýärdi. onna lukman --eger hakykatdanam ogluňuza kömek etmek isleýän bolsaňyz men size şäherden daşynda ýerleşýän byr sagaldyş merkezi bar şony salgy bereýin. diydi Ogulnabat daýzada --aýdyň lukman men ogluma nädip kömek etmeli bolsada ederin gowlansa bolýa. diýip lukmandan salgyny aldy. Mukamy ol sagaldyş merkezine ýerleşdirdiler Mukam ol ýerde 8 aý ýatdy. wagtam geçýärdi mukam öňküsü ýaly öýlerinde maşgalasy bilen ýaşap işine gidip gelip ýördüýöne oňa hiçkim indi önki göz bilen bakanokdy goňşy golaňlaram herkim onda byr agzy zaýa ,, neşekeş'' adamy görýadi, ýöne Mukam bulaň hemmesine garamazdan käte elini ýüreginiň üstüne goýup --men gowy men bilýän... men gowy bilýän... diýip aglaýardy. özüni halamaýan adamlarada gülüp salam berýärdi. Mukam käte gülüp käte aglap aýlary günleri geçirýärdi, byr gün ir bilen işine barýarka byr topar bolup üýşüp duran adamlaň deňinden geçip barýardy, ýöne Mukamyňbilesi geljiligi ony yzyna öwürdi. Mukam üýşmeleňe baryp gyrada duran birinden --salam agam bärde näme bolýakaraý --aý näme bolsu inim herkim aladasy şol uniwersiteta girmekdirdä, dokumentlerini tabşyrýalar --agamjan näme dokumentler gerekkäraý? --inim hana şol ýerde ýazyk göraýmeseň. Mukam sesiz işine tarap ýöredi, agşam öýlerine gelip ejesine --eje men okuwa dokument tabşyrsam nähili bolaraý --haýsy okuwa? --hany inistituta haýsam bolsa --bolmaýara oglum pul geregä kään --eje men işläp ýygnasam näçe aylyk gerek bolar --yok oglum näçe aýlyk ýetmez gaty kän pul gerek ýada gaty ökde bolmaly --aý bolýada onna. diýip mukam ýerine geçip ýatdy. Mukam köp pikirlenip oýlanyp hiçkime bildirmän okuwa synanşmaga karar berdi. we dokumentlerini ýygnap başlady. heme gerekli zadlaryny jemläwem Döwlet konserwatorýasyna tabşyrdy. we oýlerine gelip ejeine --eje men dokumentlerimi tabşyrdym --nämä nirä tabşyrdyň, bize aýtman --eje konserwatoriýa, size aýsamam gownemersiniz diýdim --wah çagaaam näme göwneman men ýöne seni gynandyrmajak bollum bary byr pulumuz ýok, synagdan geçip bilmesen gynanarsyn öýütdüm --ýok eje gynanman synanşyp byr göreýin. diýip ýylgyrdy we synag güni gelip ýetdi Mukam ejesini alyp ilkinji synagyna gitdi Mukam synagyna girdi ol ilki byr halk aydym byram estrada aýdym aýtmalydy mukam aydymlaryny aýtdy we ondan notalary soradylar ýone mukam notalary bilenokdysoňam mukamdan --seň disk ýasgylaryňy getirdiňmi --ýok bagyşlan men olara düşünmedim --sen synaga gelende studýada ýazylan 2.3 sany ýazgynm getirmelidin se hiç zada taýarlanmadyňmy --men taýarlandym ýa aýdymy gowy aýtmadymmy --gowy aýtmak bashga we aýdymy notalary düşünüp aýtma başga, gowsy sen taýýynlanyp inniki ýyl synanş bolarmy? onda Mukam mugallymlara seredip --eger men inniki ýyl gelsem siz meni alarsyňyzmy, diýip sorady ýöne soragyna jogap eşitmedi.Mukam daşyna çykyp ejesinin ýanyna baryp --eje maňa iniki ýyl gel diýdiler --waaah çagam gynanma men diýdimä sana --ýok eje gynanamok nämede bolsa synaşdym men. diýip burnuny çekdi, Mukam ejesi bilen öýlerine gaýtdy ýolda Ogunabat daýza oglunuň ýüzüne seredip gynanan dygyny aýtmasada gözlerinden okaýardy. Aradan 2 gün geçdi Mukam öýlerine gelende ejesi begenip nahar bişip otyrdy saçagam uludn ýazyp Mukam --eje bugün näme bolýaraý myhman gelýämi bize --ýok näme diňe myhman glende gowy zadlar iýmelimi, bugun oglumuň okuwa gidenini gutlaýas --eje nämäň okuwy haysy ogluň --seň oglum seň seni okuwa girdiň --eje men synagdan geçmedimä --ýook oglum ol okuw däl seni hünärment mekdebine (uçilişa) saldym --eje ol nämäý nahili okuw --sen kopyuter okarsyň oglum 1 ýyllap. diýip Ogulnabat daýza gozüne ýaş aýlady we --bagyşla oglum bar edip bilen zadym elimden başga gelýän zad ýok --wah ejejaaan mundan başga näme etjek men begenjimiň çägiýok men nähili bagtlydygymy byr bilsendiýip Mukam ejesini gujaklady. Mukamyň begenjiň çagi ýokdy. Şeýlelikde Mukam okuwuna başladyAýlaram geçdi mukam howes bilen okuwuna gatnap uly howes bilen okaýardy. 1 gün ogulnabatdaýzaň oýlerine Mukamyň okaýan ýerinden jan gelýär we Mukamy tiz kömek bilen hassahana äkidenlerini aýdýalar. Ogulnabat daýza haýal edmän hassahana barýar baranda öňünden byr mugallym bilen 1,2 sany okuwçy çykýa. Ogulnabat daýza olara --hany men oglum oňa näme bolly nirede meň oglum... --genje bizem bilemizok näme bolanyny ony agzyndan burnundan gan gelip ýykylyp ýatanyny görüpdürler hiç kimem bilenok näme bolanyny --näme bollyka ýa urşdumuka biri bilen, hany nirde hazir.diýip aglap durka anardan lukman gelip --ýanky hassaň hosary bamy? Ogulnabat daýza --men men bar ejesi men ogluma näme bolly? --ýok alada edmän hemme zad gowy siz meň bilen geliň size aýdmaly zadlam bar. diyipOgulnabat daýzany otagyna akidýä we --sizin oglunyzy gowy edip barlatmaly kellesinde byr çiş yada ýara bolup biler, we ýürek damarlaram gowşak haýal etmän barladyň. eger kellesinde çiş bar bolsa haýal edmän oňünialynmasa ol ýere suw ýygnanyp we bu zadlan sony gowy bolman biler --lukman näme bolar näme guwy bolman biler meň ogluma hiç zad bolmaza --eger hemme zadyň öňü alynsa hiçzadam bolmaz ogluňuz ýaşar. Ogulnabat daýzaň daşyda hemmezad doňanýaly boldy göýä öz iç sesinden başga hiçkimiň sesini eşidmeýän ýalydy, zordan sesini titredip --ogluum...ö..ölüwem bilermi lukman men oglum ölermi? --genjejan öňüni alsak hiçzadam bolmaz eger seredilman şool ulanyp gidse 6.7 ýyldan ýada ondanamaz wagyt bilmedim. ýöne näçe çalytlaşylsa şonça gowy bolar.ogulnabat daýza oglunun ýatanotagyna baryp sesiz ogluna seredip aglap başlady we byrden ýykyldy