Ogulnabat daýza hiç zada düşünmedi we ogluna --oglum sen munça puly nirden aldy aýtsana, we sen bu ýagdaýyn näme sana näme bolýa oglum? Mukama bu ýagdaýynda gürlemek kyn gelýärdi, ýöne ejesini gynandyrasy gelmedi, we göz ýaşlaryny syryp. --ejejan hemmezad gowy, senmeni alada etme. Bu pullaram dostumdan aldym, men işlap her aý az azdan bersem bolýa, kakamza byr seretdireli eje. diýip ýylgyrdy. Onda ejesi --kim dostuň berdi şol Kostýamy? --howwo eje kostýa.Mukam agyram bolsa ejesine ýalan sözlemeli boldy.Sewäbi puly nädip alanyn dogrysyny aýdyp aýdyp bilmedi, utandy. Aradan üç, dört gün geçipdi Mukam öňküleri ýaly  işiniň başyndady, iş ýerinde daş töweregine seredmäne çekinýärdi, göwnüne bolmasa kellesini galdyryp seretse öňünde dostuny gorjek ýaly bolýardy. Özünede gaharlanýardy, nämçün şunça wagytlap dostunuň özüne nähili garaýyşdadygyny bilmedigi üçin, we ol gün Kostýan pullaryny alany üçin. Ol gün Mukamyň yzyna dolanyp baragynyň bar sebäbi, elindäki ýüzügi  gaýtaryp bermekdi Mukam kostýaň ýanyna baryp --men bärik diňe ýüzügi bermek üçin geldim we maňa azar berme diýmäne, bagyşla men seň diýýän adamyňdäl we saňa hiçhili kömek edip bilmen. Men indi bärdede işlemesem gowy bolar. diýip barmagyndan ýüzügü çykaryp stoluň üstüne goýup ýöräp başlady. Onda Kostýa --Mukam dur... sen hemmezad şeýle aňsatdyr öýdýäňmi? sen öz ýalňyzlygyňy unudup bilmeşiň ýaly menem seni unutman. --men ýalňyz däl meň meni söýýän maşgalam bar we menem olary söýýän. Men ýalňyz däl. --onda söýýän maşgalaňa kömek et al şu pullary --maňa seň pullaň gerek däl --bilýän saňa däl kakaňa gerek, bu pullary men näme edeýin hiç zadyma ýaramaz, şonsuzam mende kän.Saňa kömek edip biler --ýok sagja bol men işläp gazanaryn, elim güjüm ýerinde jany sag... --eger sen şu pollary almasaň seni günüňe goýman herkime hemme zady aýdaryn, hiç kimden utanmaryn. Mukam gaharlanyp yzyna öwürlüp Kostýan ýakasyndan tutup --sen kime näme aýtjak? Öz samsykdygyňymy, aklyňdan azaşanyňymy.oglan bolup byr oglana  söýýänini aýdanyny oňam... --meň ýitirýän zadym ýok eger seňkem ýok bolsa arkaýyn gidiwer Mukamjan. Mukam Kostýaň  ýakasyny göýwerdi we --sen menden näme isleýän hä..? --diňe şu pullary al we kakaňa kömek et bolany. Eger sen häzir şu pullary alyp gitseň soň meni gaýdyp hiç haçan görmersiň. --Söz ber, maňa söz ber gaýdyp seni görmejegime söz ber. --söz berýän söz meni hiç görmersiň, we doglan günüm mynasywetli şu stakandakynam içäý --men içemok we senem ony gowy bilýän --gorkma bu arakdäl ýönekeý suw, Mukam suwy içip pullaram alyp gaýdypdý ol gün. Şol günden bäri özüni hiç gowy duýmandy. ysgynsylyk,baş aýlanma ýaly ýagdaýlary hiç geçmedi. Ejesem --oglum saňa näme bolýa, hemişe elleriň titreýär, ýaranokmy näme? --ýok eje açlykdan bolaýmasa, ýa ýadawlukdandyr bilmedim. diýýrdi. Mukam bu bolýan zadlara artyk çydap bilenokdy we näme etjeginide bilenokdy, we birde ýadyna  dosty Kostýa düşýä  hemmezadyn taşlap göni Kostýaň öýüne tarap gidýär. Kostýaň öýüne baryp girip-girmän üstüne gygyryp başlaýa --sen maňa nme etdiň, hany meni günüme goýjakdyň --men hiç zad edemok seň özüň geldiň ýanyma men seni çagyradm --sen ol suwa näme goşdyň? sen maňa näme berdin? --men hiç zad beremok saňa --ýalan sozleme sen nämetdiň maňa --bolýa dur dur ilki bilen saňa köşeşmek gerek, al şu dermany ýut --bu nämäň dermany? --ýut şuny kömek eder, soň gürleşeris. Mukam dermany içdip ýere otyrdy. ol oturşynada nädip uklap galanynam bilmedi. daňdana golaý oýandy gözlerini açyp töweregine seretdi. Gapdalyna seretse ýanynda Kostýa ýatyrdy, Mukam ýerinden turup ýöräp başlanda bütün damarlary agyrýardy Mukam gollaryna seredip görse damarlarynda iňňe sanjymlaň yzy bardy.Mukam gygyrmana başlady --näme bolýa maňa? bärde nämeler bolup geçýä? --ýuwwaş Mukam hemmezad gowy sen ýaranok. --bärde nämeler bolýaaaa --hemmezad gowy sen ýaraňok menem lukman çagyrdym, saňa sanjym etdiler bolany. Mukam  eşilerini egnine atyp oýden ylgap çykýp gaýtdy. Iýşine ýetişdi. Ol günden son Mukam özüne hiç erk edip bilmedi iki gün öýde bolsa bir gün Kostýalarda bolýady.Wagtyň geçegi bilen Kostýan berýän dermanlaryna hasam öwrenşipdi. Ogulnabat daýzada oglunuň ýagdaýyny hiç halanokdy byr gün Mukamy ýanyna çagyryp gujaklap başyny sypalap --oglum saňa nämeler bolýa, şu ýagdaýyňa seret, ýüzüň reňki öçüp barýa, gözümüň öňünde gurap barýaň. taşla bolmasa şu işleriňi byr az dynjynyal senem. Pul soňam taparys ýöne jan saglyk tapylmaz. Mukam ejesiniň aýdan sözlerine ýüregi ezildi. Özüni şeýle gowy görýän ejesini allap ýörenine ökündi. Ogulnabat daýza ogluna --sen öň näme bolsa aýdardyň hemme zady maslahatlaşyp ederdiň, ýa menden byr zady gaty gördüňmi?  byr ýerde ýalňyş zadlar diýdimmi? diýen bolsam bagyşla oglum? aýd maňa ýüreginde näme bar. Mukam ejesine hemme zady aýdasy geldi. Ýöne nädip haýsy ýüz bilen? Kellesindede pikirler  aýlanýady ,,ir we giç herkim biljekdi. ejem meň ýagdaýym barada illerden eşitse näe bolar,  meň özüm aýtsam näme bolar'' diýen pikirler.Ahyry çydaman Mukam köýneginiň ýeňlerini çermäp  --eje... eje maňa bolýan zadlar bular.diýdi. Ogulnabat daýza ysgyndan düşen ýaly boldý. Gözleriniň ýaşlary öňküsündenm çalyt akyp başlady, dili tutuldy. Zordan gürledi --ýap elleriňi kakaň göräýmesin. diýip oglyny gujagyndan itip ýerinden turup gitdi. Bryp  gazly jaýa geçip oturdy,Mukam yzyndan bardy --eje bagyşla meni eje... --ýok oglum sen bagyşla, e..ger.. eger... men saňada öz çagalam ýaly sereden bolsam bu zadlar bolmazdy. bagyla oglum saňa gowy seredip bilmedigim üçin. --eje beýdime men seň oglyň meni hiç zada mätäç etmediňä eje men seň ogly men başga ejem ýok --ýok men seň ejeň däl, gowy eje bolan bolsam seni bu günleri görmezdiň --ejejan beýdimee hemme zada meň özüm günäkärä. Ogulnabat daýza gürlemedi şünki bokurdagy dolydý. Mukam özüni çykgnsyz ýagdaýa düşen ýaly duýdy, näme etjegini bilmän öýlerinden çykyp Kostýalara tarap ylgady. Ogulnabat daýza bolsa Mukamyň yzyndan seredip galdy.Mukam Kostýalary öýüne geldi. Kostýa howluda howzuň ýanynda otyrdy we Mukam. --men indi gaýdyp seň ýanyňa gelmen meni günüme goý men öz maşgalam bilen arkaýyn ýaşajak --seni çagyýan ýok özüň gelýäň  --men inni gelmen dogtara girerin enem-atam, maşgalam maňa kömek eder men gutulary  --gutulorsuň, gutulorsuň --sen...sen men durmuşumy bozuň, sen adamdäl haramzada --senem men durmuşumy bozduň, nämçün mana ýüz berdiň, gülüp mylaýym gürleşdin, maňa hiçkimiň bakmadyk gözleri bilen bakdyň nämçün? --eger başda sen beýle dälidigiňi bilen bolsam  asla ýüzüňe seretmezdim, innem hazirem men giderin we senem söz berşiň ýaly meni hiç görmersiň --gitme meň ýanymda gal --sen ýaly dostum bolanyndan ölenim gowy. diýende Kostýa  --öl onda diýip Mukamy howza itýä. Mukam ýüzüp bilenokdy, suwuň içinde iki ýana urunýady Kostýa  bolsa elini uzadyp Mukamyn kellesinden tutup aşak suwuň içine itip başlady. birdenem Kostýa Mukamyň elinden tutup suwdan çykardy howzuň gyrasyna çekip, Mukamy gujaklap --bagyşla men seni öldürüp bilmen, bagyşla meni. diýip uly sesi bilen aglady. Mukam byr az özüne  gelip, iki aýagy bilen Kostýaň biline ýapyşdy we byr eli bilen bokurdagyndan tutdy,beýleki  eli bilenem howzuň gyrandyny iň güýçlçsçne açdy we eli bilen şlanganyň ujuny özüne çekdi. Mukam şlanganyň ujuny tutup Kostýaň agzyna dykdy we Kostýany elleri aýagy bilen gowy edip gysdy. Kostýa garşylyk görkezmesini besedýänçä goýwermedi, hereket etmesini kesensoň ony goýwerdi we  aýagy bilen howza itdi. Mukam özüni aklyndan azaşan ýaly duýdy, başy zady aýlanyp öýleri nädip ýeteninem bilmedi. Mukam öýlerine girip sünüp ýatdy. Mukamyň bu bolup ýatyşyny goren jigsi --eeeew saňa näme boldý üssü bayň myzyk bolupdur Mukaaam. ejeee kaka. Mukam zordan samyrdaýardy. --m.. meen  meen a.. adaaam olüürdüm...m.. meen  meen a.. adaaam olüürdüm...diýip gaýtalaýardy.

Köneler, yurejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir