Mukam ýylgyryp ejesiniň ýanyndan turup gaýtdy. Ertesi gün işinde ýenede özüne seredip duran Kostýa gözü düşdi we içinden ,, belki şul adamdan iş sorasammykam belki ol maňa kömek eder''dýip pikir etdi. Mukam güler ýüz bile Kostýaň ýanyna bardy we --howwa rus dostum bu gün näme meseleler ýa-da nämeler gerek size --ýok hiç men ýöne geçip barýadym byrdan seredip galdym --sen nirede ýaşaýan dos, bagyşla seň ýaşyň näçedigini bilemok we dos diýsem bolara --men 25 ýaşymda, ýöne sen dost diýseň bolar --bolýa 25 ýaşla meňzemeýän dost sen nirede ýaşaýaň --men daşta däl bärden 10 minutlyk ýol ýöresem öýde --hyym olam bolmandyr, --hä nämçün? --aý men eger ýol ugry bolsa bile ýöräp gürleşip gaýdarys diýjek boldum. Kostýaň ýüzi gyzaryp ýylgyrdy we --dogrysy menem işim ýok, öýe barsamam ýeke özüm oturmal byr az ýöresemem bolar --bolýa onda ýörali byr az. Häzir garaş 20 minutdan meň iş wagtym gutarýa --bolýa. Mukam Kostýa bilen ýolla sohbet edip, bir birlerine dertlerini aýdyp ýörediler. Mukam Kostýa ýenede iş gözleýänini maşgala ýagdaýyny,kakasy üçin pul gerekdigini aýtdy. Mukam gürrüňe gyzyp öýlerine nädip ýetenlerinem bilan galdy. --waw gyýwatyn süýjüdügini şunça ýoly nädip geçenmizem bilmän galdym --howwo ýöne beýle daşdygyny bilen bolsam  meň maşynymda gaýdardyk --seň maşynyň bar bolsa nämä aýtmadyň, häzir nirede aňarda galdymy? --howwo men ýöne gürleşeris we biri birimizi ýakndan tanars diýip pikir edtim --dogram edipsiň gowy boldy bula hem taze dostum baradada köp zadlar öwrendim, ýogsa her gün meň ýeke özüm ýöräp gaýdýadym. --şunça ýoly ýeke özüň ýöreýäňmi? --howwo --onda indi sen ýekedäl menem her gün goşularyn sana eger garşy bolmasaň --men garşy bolman işsiz ýatanyňdan gezelenç etdigiň bor --men işsiz adam däl, ýogsada sen ikinji iş diýdiň welin men saňa kömegem edip bilerin isleseň meň işimde işläp bilersň --seň işiň bolanda nähili iş --men seni ertir äkdip görkezerin --bolýa onda ertireçenli rus dost,diýip Mukam Kostýa bilen hoşlaşdy. Ertesi gün işinden soň Kostýa bilen maşynyna münüp Kostýaň işine geldiler. Mukam görse dostunuň iş ýerim diýýän ýeri byr kafe, şäheriň gözel ýerinde ýerleşen byr kafe. Mukam Kostýa seredip --hyym indi men bärde nirede işlemeli kim bolup? --Mukamjan bärsiň başlygy men we sen haýsy ýerinde kim bolup işlejek diýseňem bolar --bula maňa gaty ýagly bolaýmasa --düşünmedim? --ýok ýok men köpçülüge hyzmat edip işläp bilmen, onsaňam sen näme meni ýaňy byr iki gün tanaýaň nädip beýle iş berip bilýän. --men seň gowy adamdygyňy bilýän. --bolýa onda men her gün hemmeler gaýdansoň barik gelip arasalaşdyraryn, gap gaçlary ýuwaryn, diýdi. onda Kostýa Mukama gaharl bakyp --ýok men saňa bärde ol işleri edmegiň üçin iş hödürledim --hany seň özüň maňa islän işiňi edip bilersiň diýdiň, bärdede meň edip biljek işim şular, ýa başarmaz öýdýäňmi? --ýok başarmazsyň öýdemok, men... men bul işi saňa laýyk göremok, diýip sesini titretdi we Kostýaň gözlerinden damja-damja ýaş akdy. Mukam dostuna seretdi we nämäň nämedigine düşünmedi we --saňa näme bolýa? hemmezad gowymy? --howwo men ýone... hiç hemmezad gowy --bolýa gowy bolsa onda men haçan işe başlap bilerin? --haçan isleseň --onda men ertirden başlap, günde gije sadat 11 de gelerin, diýip öýlerine gaýtmana howlukdy.Mukam öýlerine gelip ejesine täze iş tapynanyny we artyk kakalaryna seretdirmek üçin gerek puly hasam çalyt ýygnap bijeklerini aýtdy. Aýlar geçdi Mukam täze işinede gowy öwrenşipdi, duruşy öz isleýşi ýaly bolmasada hemme zatdan razydy. Sewäbi indi iki işi we ýänynda iň gowy dosty bardy. Her gün işden son öýlerine dosty Kostýa maşyny bilen äkidýärdi, Mukam dost bilen wagtyny gowy geçirýärdi, göwnüne bolasa durmuşyň kyn göünleri yzda galan ýalakdy. Byr gün Mukam irden işine gidmänkä ejesine --eje men bu gün gijiräk geläýmesem, alada etegin --oglu nämçün gija galjak, alada etme diýäň welin bilýäňä sen gelmesen men arkaýyn ýatyp bilemok. --eje bu gün dostym Kostýa bara şoň doglan günü bilýäňä oň ýeke özi bärde hiçkimi ýok --onada gaty gijä galma oglum, meň adymdanam gutla ony --bolýa eje, diýip Mukam öýden çykyp işine gitdi. Öýlän sagat 6 lara işnden çykanda öňünde eli güllü duran Kostýany gördi we oňa --başlyk bu näme sen näme işleýän bärde --bu gün iş ýok, bu gün baýram edýäs we men saňa kä byr aýdmaly zadlarym bar, diýip Mukama gülleri uzatdy --bular näme? --bu gün men doglan günüm we men kime näme sowgat islesem berýän, hany ýor gija galmakak gideli. Olar şäherde gije sagat 11 re çenli maşynda aýlandylar, we 11 den soň kafe geldiler iki bolup Mukamy edmeli işlerini etdiler. Hemme işlerini bolonsoňlar byr stolyň başyna geçip otyrdylar we Kostýa Mukama --gözleriňi ýum --hää --gözleriňi ýum --wee näme üçin? --hiç ýöne gözleriňi ýum. Mukam gözlerini ýumdy, Kostýa Mukamyň ellerinden tutup --indi açyp bilersiň, diýdi. Mukam gözlerini açdy we öňünde duran ýüzügü gördi, we elinden tutup ýylgryp duran dostuna seredip ellerini çekip --bu näme, men näme bolýanyna düşünemok --bu sowgat eliňi uzat ýüzügü barmagyňa dakaýyn --ýok näçün? maňa ýüzük sowgat gerekdäl maňa nämeler bolýanyny düşündür --şu ýüzügü brmagyňa dakaýyn onsoň hemmezady adaryn. Mukam barmagyny uzatdy Kostýa ýüzügü dakyp Mukamyň ellerini gsyp --men saňa ilki günlerimden bäri aşk, ýöne nämäni nähili aýtjagymy bilmedim, sen maňa düşünmersiň öýtdüm, meni diňlemersiň öýütdüm. Mukamyň gözlerinden damja-damja ýaşlar yzly-yzyna syrylyp gaýtdy. Mukam ellerini çekdi göz ýaşlaryny syrdy we --bagyşla men hiç zada düşünmedim men gaýdaýyn eýýäm giç boldy --men seni äkideýin öýňüze --yok meň özüm gaýdary we men ertir işe gelmen, men indi gaýdyp bärde işlemen --dur dur düşünşeli --bärde düşünşer ýaly hiç zad ýok sen meni tanaňok menem seni --Mukam dur bilýän bagyşla ýöne men şunýal adam men näme edeýin --meň näme etmegimi isleýäň? --diňe şu gün ýanymda bolmagyňy, men saňa kömek edeýin maşgalaňa... --meň maşgalamy ara sokma --sen kakaňa kömek edip bilerin näçe pul gerek bolsa bererin --meň maşgalamy ara sokma --men saňa kömek edeýin haýyş dine şu gün meň ýanymda bol, meni ýeke goýup gidme. Mukam gapdan çykyp gitdi. Ýolda dostunuň diýen sözleri kellesinde aýlanýady sagadam eýýam gije 2 di näme etjegini bilmän köçede byr gyra geçip başyny sallap otyrdy. Byrden barmagyndaky yüzüge gözü düşdi we kellesini tutup güldi, gaharynamy nämä gülenini özem düşünmedi, we yzyna dolanyp bardy gapydan girip başyny tutup otyran dostyna seredip ,,Kostýa'' diýip seslendi. Ogulnabat daýzada öýde ýüregi injalykdan ýatyp bilmän, howlularyna geçip iki gözleri bilen gapa seredip aladalanyp otrdy. Sagat daňdan 5 töwerekleridi. Mukam öýlerine gelende gapylary açykdy, gapydan girende oýaly ukuly oturan ejesini gorüp, ýanyna bardy we gözleri ýaşly, seslerini titredip --ejejan sen entegem ýataňokmy? --ýok oglum sen nämä beýle eglendiň, diýip Ogulnabad daýza Mukamyň elinden tutanda Muammyň elleri sandrap durdy, ýeke elleri däl bütün ennamy sandrap durdy. Ogulnabat daýza --oglum saňa näme bolýa janyň byr sagmy? aýtsana oglum saňa näme bolýa? --ýok eje hemme zad gowy ýör öýe gireli, men ýöne üşedim --nämän üşemesi, üşär ýaly sowuk barmy? diýip oýe girdiler Ogulnabat daýza oturup-oturman ogluny gujaklap gozleri ýaşly --oglum saňa nämeler bolup ýör aýtsana, göwnüňe degdilermi oglum --ýok eje... Mukam gözleri ýaşly titräp ejesine nämäni nähili aýtjagny bilenokdy we --eje... men...men... ... ... kakama seretdirmäne... pu... pu... pul getirdim. diýip jübüsünden byr pette pul çykaryp ejesiniň öňüne goýdy...  

Köneler, yurejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir