Häzirki döwürde ýurdymyzda ykdysady, medeni, syýasy ugurlarda uly özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Adamzadyň baş buýsanjy bolan sagdynlyk hakynda il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda söz açmaly bolanda, sport we bedenterbiýe ulgamy ilki ýadyňa düşýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ”Saglygyň gadryny bilgin hassa bolmazdan” diýip belläp geçipdir. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasynyň kabul edilmegi we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi saglyk maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolan sporty ösdürmegiň aýdyň subutnamasydyr. Sport hem-de bedenterbiýe hakda söz açylanda, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýuça 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hem durup geçmek gerek. Sport ýaryşlarynyň geçiriljek binalarynda iň soňky gurluşyk işleriniň jemleýji tapgyrynyň alnyp barylmagy we sport desgalarynyň bu ýaryşa doly taýýar edilmegi halkymyzyň yürek buýsanjyny goşalandyrýar. 2017-nji ýylda 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi türkmen sportynyň dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolmagyny görkezýär. Sportyň milli görnüşleri boýynça türgenleşik işleri ýola goýuldy, türkmenler esasan hem guşakly göreş boýunça meşhur bolupdyr. Guşakly göreş Türkmenistanyň teklibi bilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň sanawyna goşulyp, olar boýunça bäsleşige gatnaşmak işleri giňden alnyp barylýar. Türkmen gyzlarynyň hem sportyň milli görnüşlerinde çykyş etmäge görýän taýarlyklary giň gerime eýe bolýar. Mundan başga-da ýakynda Yaponiýada geçirilen hokgeý ýaryşynda türkmen ýigitleriniň üstünlikli çykyş edip ýeňiş gazanmaklary hem mysal bolup biler. Häzirki wagtda döwlet ýolbaşçylarymyz halkyň saglygyny goramaga, ony pugtalandyrmaga uly üns berýärler. Halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde ilat arasynda sportyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlandyrylmagynyň ähmiýetiniň uludygy ikiuçsuzdyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir