Eli tayakly adam Ogulnabada ,,ogluňam alda çaltyrak bärden git'' diýýär. Maral birzadlar diýjek bolýar ýöne eli tayakly adam oňa ,, ýeriňden gymyldaman dur''diýip Tayagy oňa tarap uzadýar. Maral sesini  çykarman durýar.Mukam ylgap baryp Ogulnabady gujaklap  --eje yör çaltyrk gaýdaly... --yör oglum yör. diýip gapydan çykyp gidýärler. Ogulnabad gapydan çykanlaryndan soňra Mukamyň elinden  tutup çalyt ädimler bilen joralarynyň öýünden daşlaşdy. Ýolda barýarkalar Mukam --daýza ol daýylar ejem daga hiçzad edmezlerä, olar gerek zadlaryny alyp giderlerä? --bilmedim çagam  --daýza indi meni nirä äkidersiňiz, öz öýňüzemi? --seni nireden alan bolsalar şolýere --ýöne men ol ýere barasym gelenok indi  --onda men seni häzir milisseleň ýanynda goýup gaýdaryn olar nirä iberse gidersiň --olar meni ýenede öýmüze getirerler, men öýede gelesim gelenok. birdenem öýleri tarapdan ýaragyň sesleri  eşidildi Ogulnabad ylgap ýakynlaryndaky öýe girip,, sizden jaň edip bilerinmi'' diýip soraýa we polisiýa jaň edip olary çagyrýar. Mukam gyra geçip oturýar we Ogulnabada bakyp --daýza eger menem aňarda galan bolsam gowy bolardy --yok samsyk gürleme galan bolsaň gowy bolmazdy  --gowy bolardy men yenede ýetimler öýüne gaýdyp barasym gelenok indiden soň meni hiçkim ogulluk almaz  --yok hökman ogulluk alalar bir gün gowy adamlar geler seňem gowy günlerde ýaşarsyň  --siz meni ogulluk alardyňyzmy? --howwa alardym sen ýaly kyllyja ogluň bolsa nä kemiň bar --onda meni nämçün ýetimler öýüne iberjek bolýaňyz --Mukamjan düşün men özümüňem 3 çagam bar men olara seredmeli eklemeli ýoldaşymam häzir agyr ýatyr men ýeke özüme işlemek agyr düşýär. Düşün durmuşdada hemme zad aňsat däl. senem okadmaly bolar --meni okadmaňam men size kömek ederin işläp pul getirerin, men işläp bilýänä indi --yok bolmaz çagam sen gowsy yzyňa bar. --onda siz meni goýweriň men gideýin  --nirä gidjek --nirä gidesim gelse ýetimler öýünä barman. diýip ýöräp başlady epesli ýöräp Ogulnabadyň gözünden gaýyp boldy ogulnabad Mykamyň yzyndan gözleri ýaşly seredip,, men bu çagany şeýdip köçä goýwermek üçin alyp  gaýtdymmykam''diýip içini gürletdi. Aňardan polisiýada geldi jorasy Marallan öýlerine girdiler we öýüň  töweregine hiç adam goýwerenokdylar. Ogulnabad ol yere baryp ,, men size jan etdim'' diýýär we  hemme zady bolşy ýaly gürrüň berýär.Ogulnabatda öýde iki adamyň öldürülendigini aýdýarlar. Ogulnabad iki eli bilen başyny tutup aglamana başlaýar. kellesinede ,, eger men Mukamy alyp çykmadyk bolsam onam öldürerdilermikä'' diýen pikiri aýlaýardy. bir salymda Ogulnabatdan --siz öýde bir oglanjygam bardy diýdiniz, ol nirede? --oglanjyk... oglanjyk... şu tarapa gitdi. diýip Mukamyň ýöräp giden tarapyny görkezdi. polisiýa işgärleri şol tarap Mukamyň yzyndan gitdiler. bir ýarym sagatdan soň köçäniň gyrasynda pikire batyp oturan Mukamy tapýalar we polisiýa bölümüne getirýärler ol yerde Mukama  --saňa erbet habarymyz bar ýöne sen gynanmagyn --meni ýenede ýetimler öýüne äkidýäňizmi --yok nämäň ýetimler öýi. polisiýa işgärleriniň Mukamyň ýetimler öýünden ogulluk alynandygyndan habarlary yokdy. Mukam olara hemme zady nähili işler edendigini we nähili derman satdyrandyklaryny gürrüň berdi.  polisiýa bölümünde Mukamy ýenede ýetimler öýüne ibermeli diýilen karara geldiler, e uçasdoga bir ýerlerde jan geldi... polisiýa işgärleri Mukamyň ýanyna baryp --hany bol ýigid taýarlan sen öýňüze dolanýaň --ýenede öýemi... howwala öýe döneýin meň ol ýerdäki çagalary göresim gelip gitdi  --görerisň hemmeleri görersiň. diýip ony maşyna mündürüp äkidýärler. Mukam yolda barşýna,, menem galmaly ekenim öýde menem öldürödüler, hemme zadam gowy bolardy. diýip içini gürledip barýardy. Muakm içini gürledip  barşyna daş töweregi unudupdy. Maşynyň gapysyny açyp,, hany düş hany biz geldik'' diýenlerinde  edip oturan pikirlerinden çykyp daş töweregine seredse gelen ýeri ýetimler öýi dälde başga biriniş öýüne  getirlendigini gördi,  --bu nire, biz nirä geldik daýy --bärsi indi seň öýüň bolar --men öýüm? men kim bilen ýaşaryn? --jigileň doganlaň bilen. Mukam öýüň daş töweregine seretdide ony halady. öý kiçiräjigem bolsa daş töweregi baglykly pukarajyk öýdi Mukamyň içinden bärde kimler ýaşaýarka diýip pikir edýärdi.Birden aňardan byr gyzjagaz ylgap gelip  --salam Mukam bu biziň oýümüz senem indi bärde ýaşaýaň biz bilen  --salam seň adyň näme  --meň adym Bägül buda jigim Daýanç ol kijijik bolsa Güljan. --öýde kim bar başgada adam barmy --öýde diňe kakam bar ýör ýanyna gireli görersiň. --ejeňiz nirede? --ejem häzir işde ýenede 3-4 sagatdan geler Mukam öýe girýär we byr gyrada ýatan adamy görüp ýanyna barýar we,, salawmaleýkum'' diýýär ýatan adam sesini  çykaranok, onda Bägül --kakam ýaňja dermanlaryny atyp ýatdy, entek oýanmaz --kakaň näme ýaranokmy? --howwa hemme ellreindäki aýagyndaky ýaralary görýäňmi, şol ýaralary bar --dogtarlar näme diýýär görkezdinizmi --yok olara kän pul gerekmiş, bizdede ýoga kän pul ejemiňem ýeke özi işleýär alýan aýlygam diňe iýmek içmek we kakamyň atmaly dermnlaryna ýetýär, menä okuwdanam galýan käbyr günler. Mukam Bägülüň aýdyp berýän zadlaryna geňirgenip  --seň ejeň ady Ogulnabad daýzamy? --yok... daýza dälä meň ejem garry däl garyja aýalara daýza diýilýär. Howwa ady Ogulnabd saňa kim aýtdy --men Maralyň ogly ejen jorasy bara --hää ejem aýdypdy olar ýetimler öýünden birini alypdyrlar diýip. sen şolmy? --howwa men ýetimler öýünden alynan. diyip gözlerine ýaş aýladý.  --indi sen bizde ýaşaýaňa aglama ýetim bolmarsyň, biziň ejemize ejediý kakamyza kakadiý hiçkimem bilmez seň ejeň kakaň yokduguny. --bolýa men geçip ýatsam bolrmy men ýadadym bugün  --bolýa gel Daýanjyň ýanyna geçde ýatywer. diýip Mukama ýer salyp berýär Muakm geçip irkilip galýar  uklap ýatyşyna sese oýanýar. --turuň ikindi aralykda ýatmak bolmaz, Daýanç Mukam turuň hany. Mukam gözlerini açyp, özüne seredip ýylgyryp duran Ogulnabady görüp begenjinden gözleri ýasardy. ýerinden turup  --köp köp sag boluň --sen maňa söz berşiň ýaly kömek edersiň bolýamy  --bolýa men kömek ederin, --bolýa ertirem irden ilki bilen okuwa gideris, seni okuwa byr salaly ilki soňam göreris okuwada gidersiňdä  --bolýa  ertesi gün ir bilen Ogulnabad Mukamy mekdep müdürüniň ýanyna eltip hemme ýagdaýlaryny düşündürýär we Mukmyň  adyny ýazdyrýar 5-nji klasa. Soňam Mukam bilen işine tarap ýöreýär. işe gelip Mukama  --bärsi meň iş ýerim şu etajlaň aralaryny men süpürmeli günde musurlaryny çöplemeli --bolýa eje men ilki musurlary çöpläp çykaýyn. diýip eline byr halta alyp musurlary çöplemäne başlaýar. musurlary çöpläp soňam ejesiniň süpürüp üýşürüp goýan musurlryny halta atyp musura äkidip başlady, agşama çenli epesli işläp ýadadylar Mukam öýe gelip naharynam iýmän ýatyp galdy. ertesi gün irden turup --eje nädip işleýäňaý ol işde yama agyra --men ýanymda bile işleýän aýal häzir dynç alýar olam gelse kyndäl. bizä öwrenşipdiris eger saňa agyr bolýan  bolsa sen gidmede okuwa gatnawer --yolaý eje öwrenşerin men ýaňy byr ýekeje gün işledimä.Şeýdip günlerem geçýärdi. işlap yörşine ejesiniň bile işleşýänleri bilenem tanyşyp başlady, byr günem işdeşleri bolup üýşüp otyrdylar we her zatdan gep edýärdiler içlerinden biri --bu ýyl oglumy türkmen-türk mekdebe berjek ol ýerde gowy okadýamyşlar, özem ol yerde ýatyp okamalymyş her hepdede diňe 6-njy gün öýüne gaydmalymyş 1-njy günem ýenede okuw. nesip bolsa oglumy synanşdyryp görjek. diýýär bu gürrüň Mukamy gyzyklandyrýar, mukam  --ol okuwda ýatyp okamalymy? --howwo howwo ýatylyp okalýa.  Mukam kellesinden,, şol mekdepde okaýsam'' diýen pikii geçirdi.

Köneler, yurejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir