Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ählitaraplaýyn ösüşlere, içerki we daşary syýasata täzeçe öwüşgin, täzeçe badalga berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilik hem-de ynsanperwer ýörelgeleriniň astynda eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar, raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuşy gün-günden gowulanýar. Gadymy türkmen topragyny gurşap alýan bu ösüşler raýtlarymyzyň köňüllerine ganat, ýüreklerine ynam-ylham berýär. Bu ösüşler ýurdumyzyň ulaglar we aragatnaşyk ulgamynda hem aýdyň duýulýar. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gündogar derwezesi bolan Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň barşynda Lebap welaýatynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Türkmenabat-Farap» awtomobil we demir ýol köprüleriniň bina ediliş aýratynlyklary bilen tanyşmagy, Döwlet baştutanymyzyň ulaglar we aragatnaşyk pudagynyň ösdürilmegi ugrundaky edýän çäksiz aladalarynyň nyşany bolup durýar. Ýene-de sanlyja günlerden ulanylmaga beriljek bu köprülerden demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre, awtomobil köprüsi bolsa 1600 metre deň bolup, onuň gatnaw ýolunyň ini bolsa 21,5 metre barabardyr. Gurulýan köprüleriň ganatlarynyň beýikligi olaryň aşagyndan derýa gämileriniň bökdençsiz geçip bilmegine mümkinçilik berer. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler göz öňünde tutulýar. Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan bu awtomobil köprüler geljekde ýurdumyzy sag we çep kenarlar bilen baglanyşdyrjak ykdysady taýdan möhüm zynjyrlaryň biri bolar. Amyderýanyň üstünden geçýän bu täze ulag geçelgesi ulag-aragatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmegine gönükdirilendir we Jeýhunyň sag kenaryndaky mineral-çig mal resurslaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle ýollary çekmek, köprileri gurmak türkmen halkymyzda iň sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Çünki, ýol, köpri gurýan adamlar il-halkyň egsilmez söýgüsini gazanyp, halk tarapyndan hem uly hormat-sylaga mynasyp bolýandyr.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir