Gyş paslynyň dowan edýändigine garamazdan, daýhanlar, maldarlar, oba işgärleri üçin işler azalanok, hemişeki depgini bilen dowam edýär. 2016-njy ýylda ýygnalan bugdaý hasyly 1604,5 müň tonna deň doldy, pagta hasylyny tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalar 1 million 71 müň tonnadan gowrak möçberde ýeine ýetirildi. Şeýle hem öndürilen şaly 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde iki essä golaý artdy, kartoşka 31,1 göterim, bakja önümleri 13,6 göterim, gök önümler 7 göterim artdy, etiň görnüşi artdy. Şeýle hem 2016-njy ýylyň jemleri boýunça mallaryň baş sany durnukly artdy. Halkyň bol-elin durmuşda ýaşamagy üçin oba hojalygy iň möhüm pudaklaryň biridir. Bu pudakda bary-ýogy bir ýylyň dowamynda şunça ösüşiň gazanylandygyna şaýat bolmak bolsa, elbetde, kalplara iň ýakymly, özi-de guwanja beslenen duýgulary oýarýar. Ýetilen sepgitler indiki maksatlara ýol açýar. 2017-nji ýylda daýhanlarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek wezipesi goýuldy. Maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, oba hojalygy ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak hem pudagyň hünärmenleriniň üstümizdäki ýyl üçin esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan goldawlaryň berilmegi bilen döwrebaplaşdyrylan maldarçylyk toplumlarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, ýyladyşhanalaryň we sowadyjy ammarlaryň gurulmagynyň netijesinde bolsa, maldarçylyk we ekerançylyk önümleriniň öndürilişi we ekinleriň hasyllylygy barha artýar hem-de oba hojalyk önümlerini öndüriji kärendeçilerimiziň girdejileri ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, pudagyň işini geljekde has-da ösdürmek üçin käbir daýhan birleşiklerini kärendesine, fermerçilige bermäge, ýeri daýhanlara 50 ýyla we şondan hem köp möhlete kärendesine bermäge tapgyrma-tapgyr girişiler. Bu bolsa daýhanyň ýeriň hakyky eýesine öwrülmeginde, netijede bolsa, has bol hasyl almaga bolan mümkinçiligi artdyrar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir