Wagtyň synagyndan geçip, ähli babatda öz güýjüni, ösüşini, durkuny we hilini saklap bilýän zatlar juda seýrek bolýar. Beýle zatlar ynsan aňyna durnuklylygyň, ynamyň, asudalygyň we ösüşiň nyşany bolup ornaýar. Häzirki wagtda dünýä jemgiýetçiliginde parahatçylygyň, asudalygyň, ösüşiň we bagtyýar durmuşyň nyşany hökmünde ata Watanymyz Türkmenistan ähli ýurtlaryň, ähli halklaryň ünsüni özünde jemleýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap durnukly ösüşi, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, dünýä syýasaty arenasyndaky özüniň hoşniýetli, ynsanperwer we parahatçylyksöýüjilikli ýoly bilen tapawutlanyp gelýän ýurdumyz bu günki gün ajaýyp – bagtdan paý, saglykdan serpaý günleriň kerwenini çekip uly üstünlikere, belent sepgitlere barýar. Türkmen halkymyz “Aý dogsa, älem görer” diýýär. Döwletimizde alnyp barylýan şeýle özgertmeleriň netijesini ýurdumyzyň ähli raýatlary özleriniň durmuşynda, maşgalasynda, öz ýaşaýan obasynda, özüniň perzentleriniň ýüzündäki şatlykda duýýar. Şeýle ajaýyplyklara welaýatymyzyň Halaç etrabynyň agzybir ýaşaýjylary hem günsaýyn şaýat bolýarlar. Ýaş nesil milletiň, döwletiň geljege bolan umydy, şeýle hem sarsmaz güýç-kuwwatydyr. Kämil şahsyýet hökmünde kemala getirilen ýaş nesil milletiň dowamatydyr. Ýaş nesil geljege bolan ynamyň baky nyşanydyr. Olary sagdyn bedenli, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli, jemgyýete peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmeklik bolsa bu günki gün dünýä ýurtlarynyň ählisiniň öňünde durýan baş wezipeleriň iň möhümidir. Şu nukdaýnazardan häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künji bilen bir hatarda Halaç etrabynda hem ýaş nesillerimiziň geljegi üçi ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň janly şaýady hökmünde Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasyndaky “Diýar” çagalar bagyny görkezmek bolar. 90 orunlyk bu çagalar bagy döwrüň binagärlik ussatlygyny özünde jemlemek bilen körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär. Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň diýarydygyny nazarda tutulyp, bu çagalar bagyna “Diýar” ady dakyldy. Юрдумызда бagtyýar nesiller baradaky aladalaryň ýene bir şaýady bolsa etrabymyzyň “Surh” geňeşliginde açylan “Bagtyýar nesil” çagalar bagydyr. 160 orunlyk bu bina körpeleriň ajaýyp durmuşda diňe şadyýanlykda ýaşamagy üçin iň uly sowgat boldy. Ýurdumyzda gurulýan täze ýokary okuw mekdepleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň kerweni hatar-hatar bolup dowam edýär. Şeýle kerweniň adybir mysaly 2015-nji ýylda Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşliginde işe girizilen “Kerwen” 12-nji çagalar bagydyr. Bahar paslynyň ilkinji gününde çagalara bahar buşlukçysy bolup açylan bu 250 orunlyk çagalar bagy häzirki wagtda körpeleriň айдым айдып, тans edýän we wagtyny şat geçirýän ýerine öwrüldi. Gadymy hytaý pähimleriniň birinde “Bir ýyldan hasyl alaýyn diýseň, däne ek! On ýyldan hasyl alaýyn diýseň, agaç ek! Ýüz ýyldan hasyl alaýyn diýseň, nesil ýetişdir!” diýilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyzda yaslar üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikler hem Watanymyzyň ýüz ýyllyk geljeginiň hamyrmaýasadyr.

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir